Dark
Light
13.04.2026
img 9217 THE ASHGABAT TIMES

Hünär ussatlygy – döwrüň talaby

03.04.2026

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak we mugallymlaryň hünär ussatlygyny höweslendirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň dabaralara beslenýän günlerinde orta mekdep müdirleriniň okuw-terbiýeçilik we terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň hem-de çagalar baglarynyň terbiýeçi-usulçylarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň welaýat tapgyry uly gyzgalaň bilen geçirildi.

img 9222 THE ASHGABAT TIMES

Bu bäsleşik diňe bir bäsleşik bolman, eýsem öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak we bilim ojaklaryndaky terbiýeçilik işleriniň täzeçil usullaryny ýüze çykarmak üçin giň mümkinçilik döretdi. Welaýat tapgyryna etrap we şäher tapgyrlarynda aýratyn ukyby we döredijilikli işi bilen tapawutlanyp, ýeňiji bolan hünärmenler gatnaşdy. Bäsleşigiň dowamynda gatnaşyjylaryň wezipe-borçlaryna düşünişi, iş resminamalarynyň ýöredilişi, mekdepde we çagalar baglarynda okuw-terbiýeçilik işiniň talabalaýyk ýola goýluşy eminler topary tarapyndan içgin öwrenildi.

img 9229 THE ASHGABAT TIMES

Şeýle hem gatnaşyjylar amaly çykyşlaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplaryndaky milli terbiýeçilik ýörelgelerini düşündirmekde, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihat beriji goşgularyny labyzly okamakda we bilim-terbiýe işini kämilleşdirmek boýunça öz täzeçil tekliplerini hödürlemekde özleriniň hünär taýýarlygyny aýdyň görkezdiler.

Bäsleşigiň jemleýji pursatlary has-da täsirli boldy. Eminler toparynyň gelen netijesine görä, iň döredijilikli we ussat bilim işgärleri “Mekdep müdiriniň iň göreldeli okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary”, “Mekdep müdiriniň iň göreldeli terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary” hem-de “Iň göreldeli terbiýeçi-usulçy” diýen hormatly atlara mynasyp görüldiler. Ýeňijiler welaýatymyzyň bilim abraýyny goramak üçin bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar milli bilim ulgamynyň belentliklere galmagynda we terbiýeçi-mugallymlaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Gunça SEÝITNIÝAZOWA,
Lebap welaýat Baș bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, terbiýe bölüminiň baș hünärmeni.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

kanun hukuk THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Maşgala gatnaşyklarynda hukuk binýady

ykdysady maksat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dünýä ykdysadyýeti – uly bazar

Soňkylar Makalalar

Mekdepden daşary çagalar edaralarynda

13.04.2026
Ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini maksadalaýyk guramak, ýaşlaryň bilim almaga we hünär öwrenmäge bolan höweslerini goldamak, döredijilik, tehniki we beýleki ugurlar boýunça meşgullanmalary netijeli amala

Halypa grafikaçynyň we nakgaşyň şahsy sergisi

12.04.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýet ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede ösdürmek baradaky syýasaty barha rowaç alýar.

Bedew bady – belent maksatlar

10.04.2026
Ýyllaryň üznüksiz kerweni biri-birinden zyýada gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar

Geljegimiz bolan ýaşlaryň jemgyýetdäki orny

09.04.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagyny üpjün etmek, ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp gitjek kämil
GitTop