2026-njy ýylyň 19 — 24-nji aprelinde Aşgabat şäher häkimliginiň «Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar tans topary Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde geçirilen 48-nji halkara çagalar festiwalynda üstünlikli çykyş etdi. Türkiýäniň Döwlet teleradiokompaniýasy (TRT) tarapyndan guralan festiwala dünýäniň 27 ýurdundan çagalar toparlary gatnaşyp, medeniýetleriň dürlüligini, olaryň ählisiniň parahatçylygy we dostlugy wagyz edýändigini joşgunly beýan etdiler.
Doganlyk ýurtda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen çagalar festiwaly bu gezek özüniň gerimi we mazmuny boýunça geçen ýyldakylardan has-da tapawutlandy. Festiwal Ýewropadan Germaniýa, Italiýa, Beýik Britaniýa, Wengriýa, Serbiýa, Albaniýa, Estoniýa, Makedoniýa, Ukraina, Moldowa, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy, Aziýa yklymyndan Türkmenistan, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Gruziýa, Mongoliýa, Pakistan, Yrak, Siriýa, Palestina, Amerikadan we Afrikadan Wenesuela, Marokko, Keniýa, Gana ýaly ýurtlaryň iň saýlama çagalar döredijilik toparlaryny bir ýere jemledi.
Festiwalyň dabaraly gala konsertine Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň we doganlyk döwletiň beýleki resmi adamlarynyň hem gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Halkara festiwalda Watanymyza wekilçilik eden «Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar tans toparynyň zehinli çagalary joşgunly çykyşlary bilen çärä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdylar.
Festiwalyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň çagalar topary Ankara şäheriniň taryhy ýerlerine baryp gördüler, şol sanda Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürküň aramgähine zyýarat etdiler.
«THE ASHGABAT TIMES».