Dark
Light
17.05.2026
kitap poeziya THE ASHGABAT TIMES

Kitap okamagyň meşhur peýdalary

24.04.2026

Okamak beýniniň baglanyşygyny güýçlendirýär. Kitap okamak beden hem-de akyl saglygy üçin peýdalydyr. Geçirilen barlaglara görä, hünärmenler MRT (Magnit rezonans tomografiýa) görkezijilerini ulanyp, okamagyň beýnimizdäki çylşyrymly zynjyrlary we signallary güýçlendirýändigini tassykladylar. Okamak ukybyňyz ýokarlandygyça, bu zynjyrlar has hem güýçlenýär we çylşyrymlaşýar. 2013-nji ýylda geçirilen barlaglara görä, bir roman okamagyň beýnä täsirini ölçemek üçin funksional MRT skanerleri ulanyldy. Barlaglara gatnaşyjylar romany 9 günläp okadylar we eserdäki dartgynlylygyň artmagy bilen beýniniň köp ýerleriniň işjeňleşýändigi ýüze çykaryldy. Kitap okaýan adamyň düşünişi we pikirlenişi okamaýanyňka garanyňda, 60 göterim güýçlenýär.

Duýgudaşlygy artdyrýar. Barlaglar, kitap okaýan adamlaryň başgalaryň duýgularyna we ynançlaryna düşünmek meselesinde duýgudaşlyk ukyplaryny ýokary derejede ösdürýändigini görkezdi. Synçylar bu ukyby «akyl teoriýasy» diýip atlandyrýarlar. Çeper eseriň bir gezek okalmagy bu duýgyny oýandyryp bilmeýän hem bolsa, gözlegler çeper edebiýaty uzak wagtlap okaýanlaryň has ösen akyl teoriýasyna eýe bolýandygyny görkezýär.

Söz baýlygyny gowulandyrýar. Gözleglere görä, ýaşlykdan başlap dowamly kitap okaýan okuwçylar kem-kemden söz baýlygyny ösdürýärler. Söz baýlygy adaty synaglardan alnan bahalara, uniwersitete giriş we iş mümkinçiliklerine täsir edip biler. Kitap okamak ynsanlara göçme manyda ulanylyp bilinjek sözleri öwredip, söz baýlygynyň ösmegine ýardam berýär.

Zehin işjeňliginiň peselmeginiň öňüni alýar. Zehini işjeň ýagdaýda saklamak üçin kitap we žurnal okamak maslahat berilýär. Barlaglar her gün kitap okaýan we matematika meselelerini çözýän adamlaryň pikirleniş ukybynyň işjeňligine galýandygyny görkezýär. Çeper eserleri we ylmy neşirleri yzygider okaýan adamlaryň pikirleniş ukyby artýar, sözleýiş taýdan kämilleşýär, ýatkeşligi gowulanýar.

Uklamagy ýeňilleşdirýär. Adaty uky düzgüniniň bozulmazlygy üçin kitap okamak maslahat berilýär. Iň oňat netijeler üçin çap edilen kitaby saýlamaly. Geçirilen gözlegler kitap okaýan adamlaryň düşünje babatda, ýatkeşlikde ýokary işjeňlige eýedigini görkezdi.

Solmaz RAZAKOWA,
Halaç etrap Merkezi kitaphanasynyň Esenmeňli geňeşlik şahamçasynyň kitaphanaçysy, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň işjeň agzasy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bellenilmedik y 7e69e7d9e476eb1d4b52c2657aa1d1c6 sm THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanda bellenilmedik ýerlerde söwdanyň we hyzmatlaryň edilmegi boýunça jerime ýokarlandyryldy

magtymg tdu THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Italiýanyň Kiýeti-Peskara uniwersitetinde okamak üçin resminamalar kabul edilip başlandy

Soňkylar Makalalar

Döwlet nyşanlaryna belent sarpa

15.05.2026
Ýurdumyzyň esasy Döwlet nyşanlary bolmak bilen, Esasy Kanunymyz we ýaşyl Tugumyz täze taryhy eýýamda döwletliligimiziň mizemez sütünleri hökmünde çykyş edýär. Bu iki mukaddeslik diňe

Konstitusiýa we baýdak – mizemez mukaddeslikler

15.05.2026
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde her bir şanly sene halkymyzyň taryhy buýsanjyny, milli agzybirligini we döwletlilige bolan belent hormatyny dabaralandyrýar. Şeýle ajaýyp baýramlaryň biri

Matematikany okatmagyň usulyýetiniň wezipeleri

14.05.2026
Matematikany okatmagyň usulyýeti pedagogika ylmynyň aýrylmaz bölegi bolup, ol ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny, usullaryny we guramaçylyk şertlerini ylmy esasda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Iňlis dilini öwretmekde pedagogik wezipeler

14.05.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyz nesilleriň ählitaraplaýyn terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin döwletiň, jemgyýetiň öňünde uly wezipeleri
GitTop