Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilime, medeniýete we kitaba bolan sarpa täze belentliklere göterilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda kitaphanalaryň orny örän uludyr. Şu nukdaýnazardan, Döwletli etrabynyň Dostluk şäher kitaphanasynyň alyp barýan işleri hem öwgä mynasypdyr.
Kitaphana ylymlaryň we medeniýetiň ak gämisidir. Dostluk şäher kitaphanasynyň kitaphanaçylary özleriniň gündelik işinde okyjylaryň isleglerini kanagatlandyrmaga, ýaş nesillere kitaba bolan söýgini döretmäge uly üns berýärler. Kitaphanaçy bolmak ynsan ruhuna ýol tapmagy başarmakdyr.
Häzirki wagtda bu kitaphananyň gaznasy yzygiderli baýlaşdyrylýar. Bu ýerde türkmen edebiýatynyň nusgawy wekilleriniň eserleri bilen bir hatarda, dünýä edebiýatynyň dürdäne eserleri, häzirki zaman ylmy-köpçülikleýin edebiýatlar okyjylara hödürlenýär. Kitaphanaçylaryň okyjylar bilen geçirýän dürli mowzuklardaky söhbetdeşlikleri, täze kitaplaryň tanyşdyrylyş dabaralary we edebi agşamlary ýaşaýjylaryň medeni dynç alşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Aýratyn hem, ýaşlaryň arasynda kitaba gyzyklanmany artdyrmak maksady bilen geçirilýän çäreler oňat netijelerini berýär. Kitaphanaçylar her bir gelýän okyja gyzgyn mähir bilen hyzmat edip, olara zerur bolan maglumatlary tapmaga ýakyndan kömek edýärler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýhas öýi bolan kitaphanalaryň işiniň döwrüň talabyna laýyk ýola goýulmagy hem-de yzygiderli kämilleşdirilmegi halkymyzyň aň-bilim, medeni derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Çünki paýhasly pederlerimiziň aýdyşy ýaly, kitap geçeni, geljegi öwredýän danadyr. Goý, halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary rowaç bolsun!
Gülendam HUDAÝKULOWA,
Döwletli etrabynyň Dostluk şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.