Dark
Light
13.04.2026
koreya immig THE ASHGABAT TIMES

Koreýa Respublikasynyň Immigrasiýa gullugynyň Komissary bilen duşuşyk geçirildi

08.04.2026

2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Koreýa Respublikasynyň Immigrasiýa gullugynyň Komissary jenap Ça Ýong-ho bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky migrasiýa we konsullyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy iki ýurduň raýatlarynyň birek-biregiň ýurtlaryna ygtybarly syýahat etmegi hem-de olaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmek boýunça teklipleri öňe sürdi.

Hususan-da, migrasiýa ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk esasyny kämilleşdirilmeginiň zerurdygyna koreý tarapynyň ünsi çekildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar işjeň häsiýetde geçirilen bu gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň iki döwletiň bähbitlerine we ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna laýyk gelýändigini tassykladylar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

talyp koreya THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Koreýa Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy

hindistan sapar THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistana tanyşlyk sapary guraldy

Soňkylar Habar

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi

13.04.2026
2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş
GitTop