Dark
Light
13.05.2026
bilim talyp THE ASHGABAT TIMES

Maksatly il myrada ýeter

14.04.2026

Halk nakyllarynda «Maksatly il myrada ýeter» diýlişi ýaly, bu günki gün Türkmenistan döwletimiziň ykdysady ösüşiniň milli nusgasy diwersifikasiýalaşdyrmak, önümçilige iň öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de durnukly ösüşi gazanmak ýaly möhüm strategik ugurlara daýanýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Bilim we ylym ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler geljekki ösüşleriň binýadyny berkidýär. «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» kabul edilmegi bu ugurda sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň giňden ornaşdyrylmagyna ýol açýar. Mary şäherinde Döwlet energetika institutynyň täze binalar toplumynyň, paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylmagy milli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ädimlerdir. Şeýle hem Türkmenistanyň bilim ulgamynyň halkara derejede ykrar edilmegi, geçen ýylda hormatly Prezidentimize Ýaponiýanyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň «hormatly doktory» diýen adyň dakylmagy ýurdumyzyň dünýäniň ylmy-akademiki giňişligindäki abraýyny has-da belende galdyrdy.

Şu ýylda «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, täze mekdepleriň we çagalar baglarynyň ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarda amala aşyrylýan giň göwrümli gurluşyklar, şol sanda Halkara pediatriýa, onkologiýa we stomatologiýa merkezleri ýaly ägirt uly desgalar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň dabaralanmasydyr. Şeýle hem şu ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylmagy ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin täze şertleri kemala getirer.

Gurmagyň we döretmegiň belent nusgasyny görkezýän Türkmenistan döwletimiz özüniň oýlanyşykly döwlet syýasaty bilen dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny barha pugtalandyryp, halkymyzyň abadan durmuşyna we nurana geljegimize hyzmat edýär. Ýurdumyzda bitirilýän bu beýik işler, gurulýan täze mekdepler, çagalar baglary we medeni-durmuş maksatly binalar her bir türkmenistanlyny belent sepgitlere ruhlandyrýar. Berkarar Diýarymyzyň her bir ädimi, her bir täze taslamasy halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň kepili bolup, şöhratly geljegimize bolan ynamymyzy has-da pugtalandyrýar.

Yhlas SETDAROW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

parahatcylyk new 25 kepderi THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Tagallalaryň birligi – maksatlaryň bitewüligi

img e3656 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Guramaçylyk we usulyýet babatda öňdebaryjylar saýlandy

Soňkylar Makalalar

Berkararlygyň goşa sütüni

13.05.2026
Ýurdumyzyň esasy Döwlet nyşanlary bolmak bilen, Esasy Kanunymyz we ýaşyl Tugumyz täze taryhy eýýamda döwletliligimiziň mizemez sütünleri hökmünde çykyş edýär. Bu iki mukaddeslik diňe

Bu döwür – beýik işleriň döwri

13.05.2026
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek ileri tutulýan ugurlaryň

Milli gämi gurluşygynda tejribeleri artdyryp

13.05.2026
Türkmenistanda gämi gurluşygy täze we strategik senagat pudagydyr. Hormatly Prezidentimiziň 8-nji maýda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde «Gadamly» atly täze gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegine

Paýhas äleminiň şamçyragy

12.05.2026
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäniň we döwrüň ösüşi bilen deň gadam urýan Watanymyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär.
GitTop