Halk nakyllarynda «Maksatly il myrada ýeter» diýlişi ýaly, bu günki gün Türkmenistan döwletimiziň ykdysady ösüşiniň milli nusgasy diwersifikasiýalaşdyrmak, önümçilige iň öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de durnukly ösüşi gazanmak ýaly möhüm strategik ugurlara daýanýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň 13-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde jemlenen 2025-nji ýylyň görkezijileri milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarda ynamly öňe barýandygyny subut edýär. Şunda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterim artmagy amala aşyrylýan ykdysady strategiýanyň oňyn netijesidir. Aýratyn-da, ulag-aragatnaşyk pudagynda 9,8 göterim, söwdada 9,6 göterim, gurluşykda bolsa 7,9 göterim ösüş gazanylyp, maýa goýumlaryň möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 6 göterim ýokarlandy. Bu görkezijiler diňe bir sanlar bolman, eýsem, täze iş orunlarynyň döredilmegi, halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy diýmekdir.
Bilim we ylym ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler geljekki ösüşleriň binýadyny berkidýär. «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» kabul edilmegi bu ugurda sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň giňden ornaşdyrylmagyna ýol açýar. Mary şäherinde Döwlet energetika institutynyň täze binalar toplumynyň, paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylmagy milli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ädimlerdir.
Gurmagyň we döretmegiň belent nusgasyny görkezýän Türkmenistan döwletimiz özüniň oýlanyşykly döwlet syýasaty bilen dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny barha pugtalandyryp, halkymyzyň abadan durmuşyna we nurana geljegimize hyzmat edýär. Ýurdumyzda bitirilýän bu beýik işler, gurulýan täze mekdepler, çagalar baglary we medeni-durmuş maksatly binalar her bir türkmenistanlyny belent sepgitlere ruhlandyrýar.
Dawut WELLEKOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.