Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň il-ýurt bähbitli özgertmeleriniň özenini döwletiň baş gymmatlygy hökmünde adam, onuň eşretli ýaşaýşy baradaky durmuşa ornaşdyrylýan işlerde öz beýanyny tapýar. Maşgala gatnaşyklarynyň hukuk binýadynyň berkidilmegi, goralmagy babatynda döwrebap kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi aýratyn bellärliklidir. Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksinde maşgalada är-aýal, nika, emläk gatnaşyklarynyň kadalaşdyrylyşyna, çaganyň erkin ösüşine, terbiýelenişine, sosial goraglylygyna zerur ýaşaýyş şertleriň doly döredilendigini görüp bilýäris.
Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine laýyklykda, ýurdumyzda döwlet kömek pullarynyň birnäçe görnüşleri, ýagny olar wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puly, çaga doglanda berilýän birwagtlaýyn döwlet kömek puly, çaga üç ýaşaýança seretmek boýunça döwlet kömek puly, maýyplyk boýunça döwlet kömek puly we beýleki döwlet durmuş kömek puly tölenilýändigi nygtalýar. Türkmenistanda pensiýalaryň tölegleri üçin ýaşy boýunça pensiýa, gulluk ýyllary boýunça pensiýa, hünär pensiýasy, maýyplyk boýunça pensiýa, ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa, toplaýyş pensiýasy ýaly görnüşlerde bellenilýär. Kömege mätäç adamlara, raýatlaryň kesgitlenen toparlaryna Türkmenistanda ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan mugt peýdalanmak hukugy bellenilýär.
Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan zenanlaryň hersine Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň talaplaryna laýyklykda, birwagtlaýyn pul baýragy berilýär. Şeýle hem şu Kodeksiň talaplaryna laýyklykda, çaga seretmek boýunça her bir çaga onuň üç ýaşy dolýança, döwlet kömek pullary tölenilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere: diş protezleri hyzmatlaryndan, jemgyýetçilik awtoulag serişdelerinden (taksiden başgasy), hormatly ada mynasyp bolan enelere we olar bilen bile ýaşaýan maşgala agzalaryna, ene ölen ýagdaýynda, onuň iň soňky çagasy kämillik ýaşyna ýetýänçä, suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga hukuk berilýändigi hakynda durmuş ýeňillikleri göz öňünde tutulýar.
Garaşsyz Diýarymyzda sagdyn nesli kemala getirmegi hem-de maşgala gymmatlyklaryny sarpalamagy döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň biri hökmünde hemişe üns merkezinde saklaýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!
Humaý ATAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginiň Daşoguz welaýat RÝNÝ bölüminiň baş hünärmeni.