Matematika diňe bir sanlaryň we amallaryň jemlenmesi däl-de, eýsem adamzat akylynyň iň kämil we logiki guralydyr. Ony “akylyň hazynasy” diýip atlandyrmaklygyň düýbünde çuňňur many ýatyr, sebäbi matematika pikirlenmäni düzgünleşdirýän, hadysalaryň içki baglanyşygyny açyp görkezýän we durmuşyň her bir pursadyny tertibe salýan ylymdyr.
Gadymy döwürlerden bäri alymlar bu ylmy älemiň dili diýip hasaplapdyrlar. Sebäbi tebigatdaky gurluşlar, asman jisimleriniň hereketi, hatda ösümlikleriň ýapraklarynyň ýerleşişi hem belli bir matematiki kanunalaýyklyklara esaslanýar. Bu hazynanyň gapysyny açan ynsan dünýäni has aýdyň, has takyk we has dogry görmäge ukyply bolýar.
Matematika adamyň intellektual ukyplaryna täsir edýär. Ol durmuşda duş gelýän çylşyrymly ýagdaýlarda dogry karar kabul etmek ukybydyr. Matematika bilen meşgullanýan adamda analitiki pikirlenme ösýär, ol her bir ädimiň netijesini öňünden görmegi we wezipeleri iň netijeli ýol bilen çözmegi öwenýär. Şonuň üçin hem, bu ylym akyl üçin özboluşly bir türgenleşikdir. Nähili beden maşklary bedeni taplaýan bolsa, matematiki amallar we logiki meseleler hem beýnini şonça taplaýar, ony täze açyşlara we döredijilikli pikirlemelere taýýarlaýar.
Häzirki zaman tehnologiýalarynyň, sanly ulgamyň we emeli aňyň ösen döwründe matematikanyň ähmiýeti has-da artdy. Biziň ulanýan telefonlarymyzdan başlap, älem giňişligine uçurylýan gämilere çenli ähli zat matematiki hasaplamalaryň miwesidir. Bu hazyna eýe bolmak — geljegiň açaryna eýe bolmakdyr. Matematika ynsana sabyrlylygy, durnuklylygy we hakykaty gözlemegi öwredýär. Netijede, matematika akylyň hazynasy bolmak bilen, adamyň içki dünýäsini baýlaşdyrýan, ony kämilleşdirýän we jemgyýetiň öňe gidişini üpjün edýän iň gymmatly guraldyr. Kim bu hazynadan paýyny alsa, ol durmuşyň her bir ädiminde has ynamly we manyly ýaşar.
Aýnura ROZYKULYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň pedagogika fakultetiniň başlangyç bilim mugallymçylygy we psihologiýasy hünäriniň 401-nji toparynyň talyby.