Dark
Light
13.05.2026
img 5009 THE ASHGABAT TIMES

Matematikada mukaddes sanlar

15.04.2026

Sanlar adamzat taryhynda diňe bir hasaplama guraly bolman, eýsem ruhy, medeni we ylmy ähmiýete eýe bolupdyr. Käbir sanlar dürli halklaryň arasynda aýratyn hormat bilen kabul edilip, mukaddes sanlar diýlip atlandyrylypdyr. Bu sanlar diňe dini ya-da mifologik düşünjeleride däl-de, eýsem matematikanyň özünde hem möhüm orun eýeleýar. Şol sebapli mukaddes sanlary öwrenmek matematika dersini has gyzykly we manyly edýar.

1-san – başlangyç we bitewilik.

1 sany ähli sanlaryň başlangyjydur.Ähli beýleki sanlar 1-den başlanýar. Matematikada 1-e köpeldilen islendik san üýtgemeýar.Bu häsiýet birlik düşünjesini görkezýar. Filosofiýada 1 bitewiligi we birligi aňladýar.Şeýle hem 1 san ilkinji tebigy sandyr.

3 sany – üçlik mukaddesligi 

3 san köp medeniýetlerde aýratyn hasap edilýar. Geometriýada iň ýönekeý köpburçluk üçburçlukdyr. Üç nokat bolmasa ýapyk şekil emele gelmeýar.

Şeýle hem 3 san ilkinji ýönekeý sandyr, ýagny 1 we özüne bölünýar. Bu aýratynlyk onuň matematiki taýdan möhümdigini görkezýar.

7 sany – syrly we aýratyn san.

7 sany dümýä halklarynyň arasynda giňden ýaýran aýratyn sandyr. Jepde-de 7 gün bar.Gadymy dünýäniň 7 sany tasinligi bar diýip hasap edilýar. Psihologiýada alumlar adamyň gysga wagtlaýyn ýadynyň takmynan 7 maglumat saklap bilýandigini belleýar.

9 sany – gyzykly matematiki aýratynlyk.

9 sanyň aýratyn matematiki häsiýeti bar. 9 haýsy san bilen köpeldulse-de netijäniň  sanlaryň jemini alsaňyz köplenç ýene 9 çykýar. Mysal üçin 9×4=36,  3+6=9

9×7=63,  6+3=9. Bu hasiýet okuwçylar üçin örän gyzykly we aňsat barlap bolýa 

ɳ(Pi)-tegelekleriň sany 

ɳ  sany tegelegiň töwereginiň onuň diametrina bolan gatnaşygydyr. Ol takmynan 3,14-e deňdir, emma onuň onluk bölegi çaksiz dowam edýär:3,1415926… .

ɳ geometriýada , fizika ylymynda we inƶinerçilikde giňden ulanylýar. Tegelek bilen bagly ähli hasaplamalarda diýen ýaly ɳ ulanylýar.

e sany– tebigy ösüşiniň sany

e sany (takmynan 2.718) eksponent ösüşlerde peýdalanylýar. Bank göterimlerini hasaplamakda, ilatyň ösüşini öwrenmekde we beýleki köp matematiki meselelerde ulanylýar. Bu sany ɳ san ýaly çäksiz we gaýtalanmaýan onluk bölege eýedir.

Alyn kesin (ȹ)-sazlaşygyň  nyşany.

Altyn kesin takmynan 1,618-e deňdir bu gatnaşyga sungatda,arhitekturada we tebigatda duş gelmek bolýar. Käbir gurluşlaryň we suratlaryň owadan görinmeginiň sebäbi olaryň ölçegleriniň altyn gatnaşygyna laýyk gelmegidir. Tebigatda ösümlikleriň ýapraklarynyň ýerleşişinde hem bu gatnaşyga gawat gelýär.

Mukaddes sanlar adamlaryň dünýani düşünmek isleginiň netijesidir. Olar diňe dini düşünjelerde däll eýsem ylmy barlaglarda peýdalanylýär. Sanlaryň aýratyn häsiýetleri matematikanyň gözlegini görkezýär. Şeýle bu sanlar okuwçylaryň matematika bolan gyzyklanmasyn artdyrýar.

Netijede mukaddes sanlar matematika bilen medeniýetiň arasynda köpri bolup hyzmat edýär. 1,3,7,9 ýaly sanlar hem-de ɳ,e,ȹ ýaly matematiki hemişeliker dünýäniň gurluşyna düşünmäge kömek edýar. Matematika diňe formulalar däl,eýsem syrly we täsin dünýädir.

Allamyrat MÄMMEDOW

Mary etrabynyň  Ç.Gurbangylyjow adyndaky 19-njy orta  mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Azerbaýjan Merkezi Banky täzelenen 100 manatlyk banknoty dolanyşyga çykarmaga taýýar

awtobann THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýollar ile elter

Soňkylar Makalalar

Berkararlygyň goşa sütüni

13.05.2026
Ýurdumyzyň esasy Döwlet nyşanlary bolmak bilen, Esasy Kanunymyz we ýaşyl Tugumyz täze taryhy eýýamda döwletliligimiziň mizemez sütünleri hökmünde çykyş edýär. Bu iki mukaddeslik diňe

Bu döwür – beýik işleriň döwri

13.05.2026
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek ileri tutulýan ugurlaryň

Milli gämi gurluşygynda tejribeleri artdyryp

13.05.2026
Türkmenistanda gämi gurluşygy täze we strategik senagat pudagydyr. Hormatly Prezidentimiziň 8-nji maýda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde «Gadamly» atly täze gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegine

Paýhas äleminiň şamçyragy

12.05.2026
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäniň we döwrüň ösüşi bilen deň gadam urýan Watanymyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär.
GitTop