Dark
Light
17.05.2026
img e3653 THE ASHGABAT TIMES

Mekdepden daşary çagalar edaralarynda

13.04.2026

Ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini maksadalaýyk guramak, ýaşlaryň bilim almaga we hünär öwrenmäge bolan höweslerini goldamak, döredijilik, tehniki we beýleki ugurlar boýunça meşgullanmalary netijeli amala aşyrmak, guramaçylykly dolandyrylyşy we işjeň ösüşi gazanmak, şeýle-de öňdebaryjy bilim işgärlerini ýüze çykarmak, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmak ýaly maksatlardan ugur alyp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda «Iň gowy mekdepden daşary çagalar edarasy», «Iň göreldeli gurnak ýolbaşçysy» atly bäsleşikleriň Mary welaýat tapgyry hem guramaçylykly geçirildi.

«Altyn nesil» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde geçirilen bu bäsleşiklere welaýatyň etrap, şäherlerinde hereket edýän çagalar we ýetginjekler döredijilik öýleri we gurnak ýolbaşçylary işjeň taýýarlyk bilen gatnaşdylar.

img e3652 THE ASHGABAT TIMES

Bäsleşikler degişli düzgünnama esasynda guralyp, yglan edilen şertler boýunça gatnaşyjylaryň alyp barýan işlerine, döredijilik öýlerinde ýola goýlan meşgullanmalaryň netijelerine, okuw ýylynyň dowamynda gazanan üstünliklerine, döredijilikli taslamalaryna, ýetginjeklere hünär öwretmekde gazanylan tejribelere, nazary we amaly okuwlary guramakda usulyýetiň kämilleşdirilişine, iş resminamalarynyň talabalaýyk ýöredilişine, okuw-görkezme esbaplaryň peýdalanylyşyna, sanly bilim serişdelerine, maglumat gorlaryna, hünär taýýarlygyna, bilim işgärleriň öz bilimini kämilleşdirmekde usuly taýýarlyklaryna, bezeg işlerine, hojalyk, dolandyryş ukyplaryna, jemgyýetçilik işlerine, köpçülikleýin çärelere bolan gatnaşyklarynyň görkezijilerine laýyklykda baha berildi.

Şeýlelikde, «Iň gowy mekdepden daşary çagalar edarasy» atly bäsleşik boýunça Murgap etrabynyň «Ruhubelent» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýi baş baýraga mynasyp boldy. Emin agzalaryň gelen netijeleri boýunça «Iň göreldeli gurnak ýolbaşçysy» atly bäsleşigiň hem baş baýragyna şol çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Gülçemen Ahmedowa eýe boldy.

Bäsleşiklere gatnaşyp, tapawutlanan çagalar we ýetginjekler döredijilik öýleri degişli baýrakly orunlar boýunça yglan edildi. Ýeňijiler Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň Diplomlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Aýna NURÝAGDYÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

english tm THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dil bilen – il gezer

pr mejlis THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi

Soňkylar Makalalar

Döwlet nyşanlaryna belent sarpa

15.05.2026
Ýurdumyzyň esasy Döwlet nyşanlary bolmak bilen, Esasy Kanunymyz we ýaşyl Tugumyz täze taryhy eýýamda döwletliligimiziň mizemez sütünleri hökmünde çykyş edýär. Bu iki mukaddeslik diňe

Konstitusiýa we baýdak – mizemez mukaddeslikler

15.05.2026
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde her bir şanly sene halkymyzyň taryhy buýsanjyny, milli agzybirligini we döwletlilige bolan belent hormatyny dabaralandyrýar. Şeýle ajaýyp baýramlaryň biri

Matematikany okatmagyň usulyýetiniň wezipeleri

14.05.2026
Matematikany okatmagyň usulyýeti pedagogika ylmynyň aýrylmaz bölegi bolup, ol ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny, usullaryny we guramaçylyk şertlerini ylmy esasda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Iňlis dilini öwretmekde pedagogik wezipeler

14.05.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyz nesilleriň ählitaraplaýyn terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin döwletiň, jemgyýetiň öňünde uly wezipeleri
GitTop