Dark
Light
21.04.2026
owgan maa THE ASHGABAT TIMES

«Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogy geçirildi

06.04.2026

2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Kabul şäherinde «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Owganystandaky Ilçisi Hoja Öwezow ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Owganystan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklarda bar bolan mümkinçiliklere we wehimlere bilelikde baha bermek, ykdysady we üstaşyr hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem sebitara integrasiýa boýunça hemmetaraplaýyn ýol kartasyny işläp taýýarlamak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

owgan ma THE ASHGABAT TIMES

H.Öwezow öz çykyşynda Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmäge ýardam bermäge gönükdirilen türkmen tarapynyň alyp barýan işleri bilen gatnaşyjylary giňişleýin tanyşdyrdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň dowam etdirilmegini goldadylar. Şeýle hem Owganystany dikeltmek we onuň ählumumy gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagy bilen baglanyşykly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça ýakyn hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirildi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

fran konsert THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

ykdysady 2024 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Täze eýýamyň işewürlik nusgasy

Soňkylar Habar

Türkmen-hytaý işewürlik maslahaty we sergisi geçiriler

20.04.2026
Ministrler Kabinetiniň 18-nji aprelde geçirilen mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürlik maslahatyny we sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu
GitTop