Dark
Light
13.05.2026
merkezi aziya yurtlary 30 mill d95514e752a8834f5eaf8a04d75200a2 sm THE ASHGABAT TIMES

Merkezi Aziýa ýurtlary $30 millionlyk suw maksatnamasyny işe girizýärler

21.04.2026

Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy, ýagny Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Täjigistan 30 million ABŞ dollary möçberindäki pul serişdesi bilen “Central Asia Water and Land Nexus” (CAWLN) atly sebit maksatnamasyny işe girizýärler. Maksatnamanyň resmi başlangyjy 30-njy maýdan 6-njy iýun aralygynda Samarkantda geçiriljek Bütindünýä ekologiýa gaznasynyň (GEF) 8-nji Assambleýasynda yglan ediler.

Bu başlangyç BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň goldawy bilen amala aşyrylýar. Bu barada Özbegistanyň Ekologiýa we howanyň üýtgemegi boýunça milli komiteti geçen anna güni habar berdi.

Maksatnama laýyklykda, sebitde 84 milliondan gowrak ilatyň takmynan 80 göterimini suw bilen üpjün edýän Amyderýa we Syrderýa aýratyn üns beriler. Bu derýalar Merkezi Aziýanyň azyk howpsuzlygyna we ykdysady durnuklylygyna gönümel täsir edýär.

Habarda bellenilişi ýaly, maksatnama suw we ýer serişdelerini toplumlaýyn dolandyrmagy göz öňünde tutýar. Munuň çäginde oba hojalyk ýerlerini dikeltmek, çölleşmä garşy göreşmek, tokaýlary we biologik dürlüligi goramak, şeýle hem howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak çäreleri amala aşyrylar. Bu maksatnama suw serişdeleriniň, oba hojalygynyň we ekoulgamlaryň özara täsirini göz öňünde tutup, olaryň utgaşdyrylyp dolandyrylmagy “nexus-çemeleşmesi” esasynda alnyp barylýar. Mundan başga-da, Aral deňziniň töwereginde agro-tokaýçylyk we ýerleri durnukly dolandyrmak boýunça synag taslamalaryny işe girizmek hem-de bilim alyş-çalşygy üçin platformalary döretmek meýilleşdirilýär.

“Central Asia Water and Land Nexus” maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen landşaftlaryň dikeldilmegine, suwuň netijeli ulanylmagynyň ýokarlandyrylmagyna hem-de sebitde azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna garaşylýar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

screenshot 20260420 123840 gallery THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen türgenleri Rumyniýada geçirilen halkara ýaryşynda erkin göreş boýunça toparlaýyn hasapda birinji orny eýeledi

london sapar THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen işewürleri sapar bilen Londona bararlar

Soňkylar Habar

Halkara Balkan olimpiadasyndan 5 medal!

12.05.2026
3 — 8-nji maý aralygynda Gresiýa Respublikasynyň Saloniki şäherinde matematika dersi boýunça geçirilen 43-nji Halkara Balkan matematika olimpiadasynda türkmen ýaşlary üstünlikli çykyş etdiler. Olimpiada

Dünýä çempionatyndan 4 medal!

12.05.2026
2 — 8-nji maý aralygynda Müsüriň Ismailiýa şäherinde ýaşlaryň arasynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri
GitTop