Dark
Light
13.05.2026
original 16666a77018af7 THE ASHGABAT TIMES

Nebit gaz pudagyndaky öňe gidişlikler

22.04.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň belent başlangyçlary bilen öňe barýan ýurdumyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halk bähbitli, döwlet ähmiýetli taýsyz tagallalary netijesinde täze ösüşlere beslenýär. Ähli pudaklarymyz bilen bir hatarda ýurdumyzyň nebitgaz pudagy hem uly ösüşlere eýe bolýar.

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň belent sebitlere çykýandygynyň aýdyň mysaly hökmünde, Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz känini görkezmek bolar. Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy çeşmesi bolup durýan bu ägirt uly ýatak diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm orun tutýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 20-nji martynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Galkynyş» gaz käniniň 4-nji tapgyryny senagat taýdan özleşdirmek hakyndaky taryhy Karara gol çekmegi, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini täze belentliklere çykarmakda möhüm ädim boldy.

Mälim bolşy ýaly, 17-nji aprelde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyrynda ýylda 10 milliard kubmetr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we ulanyş guýularyny burawlamak işlerine badalga berilmegi biziň kalbymyzy buýsanja besledi. “Galkynyş” gaz känindäki gaz guýularynyň görkezijileri, bir tarapdan, öňdebaryjy halkara önüm öndürijileriň ünsüni özüne çekse, beýleki bir tarapdan, tebigy gazy sarp ediji döwletleriň çuňňur gyzyklanmasyna eýe bolýar.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Suhrab GURBANBABAÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

images 4 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

“Apple” Korporasiýasynyň ýokary dolandyryş düzüminde strategik üýtgeşmeler amala aşyrylýar

azerbaijan turkmenistan discuss expanding energy cooperation THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Azerbaýjan bilen Türkmenistan energiýa hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Soňkylar Makalalar

Paýhas äleminiň şamçyragy

12.05.2026
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäniň we döwrüň ösüşi bilen deň gadam urýan Watanymyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär.

Durnukly ösüşiň we abadançylygyň binýady

11.05.2026
Häzirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň çylşyrymly şertlerinde her bir döwletiň durnukly ösüşi onuň maýa goýum syýasatynyň netijeliligine we strategik ugurlarynyň dogry kesgitlenmegine gönüden-göni baglydyr. Türkmenistan

Hakyda mukaddesligi

08.05.2026
Parahatçylyk, abadan durmuş, dost-doganlyk, ynsanperwerlik baradaky arzuw-umytlary, watansöýüjilik, gahrymançylyk, merdanalyk ýörelgeleri alamatlandyrýan Ýeňiş baýramy dünýä halklarynyň durmuşynda örän möhüm orny eýeleýär. Dünýäniň gülläp ösýän
GitTop