Dark
Light
08.09.2026
bedew pyyada THE ASHGABAT TIMES

Owazasy dünýä dolan bedewler

27.04.2026

Türkmen bedewi halkymyzyň şanly geçmişiniň çeper beýanydyr. Uçmahy bedewlerimiziň waspy ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda taraşlap, dilden-dile, nesilden-nesle geçirip gelen nakyllarynda, aýtgylarynda, alkyş-dileglerinde giň orun tapypdyr. Pederlerimiziň «At — myrat», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «At dosty — ata dosty», «Ataň barka, dost gazan, atyň barka ýol» diýen pähimleri bedewleriň halk hakydasynda mäkäm orun alandygyndan habar berýär.

Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýyny has-da dabaralandyrdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri halkymyzyň bedewlere goýýan sarpasyna, ýurdumyzda ahalteke atlaryny we gadymdan gelýän seýisçilik däplerini aýawly saklamak babatda uly işleriň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Şoňa görä-de, bu şanly ýylda hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabaralara aýratyn ruhubelentlik mahsus boldy.

Aşgabat atçylyk sport toplumynyň öňünde meşhur ahalteke bedewi Pyýadanyň heýkeliniň dabaraly ýagdaýda açylmagy ildeşlerimiz üçin ajaýyp toý sowgady bolmak bilen, halkymyzyň köpasyrlyk atşynaslyk mekdebine we milli mirasymyza goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Çünki Pyýada atly bedew paýtagtymyz Aşgabat şäherinde 1998-nji, 1999-njy, 2000-nji we 2001-nji ýyllarda geçirilen ahalteke atlarynyň gözellik sergileriniň ýeňijisi, 2008-2009-njy ýyllarda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen «Türküstanyň ýyldyzy» atly gözellik bäsleşiginiň baş baýragyna mynasyp boldy. Häzirki wagtda ýazky at çapyşygy möwsüminde üçýaşar atlaryň arasynda 1 müň 800 metr aralyga geçirilýän çapyşyklaryň ýeňijilerine onuň adyny göterýän «Pyýada» baýragy gowşurylýar.

Gahryman Arkadagymyz «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda: «Ahalteke bedewleriniň dowamaty rowaç bolsun!» diýip belleýär. Bu günki gün bu sözler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuş hakykatyna öwrülýär. Şundan ugur alsak, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabaralar halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen bedewleriň at-owazasyny dünýä ýaýýar.

Gülşat HAKYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

jay arka THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Arkadag şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy

jahan dor THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar tans topary halkara çagalar festiwalyna gatnaşdy

Soňkylar Makalalar

Kitaba sarpa – durmuşa söýgi

07.09.2026
Kitap milli medeniýetiň ölçeg daşydyr. Kitaba, çeper edebiýata, döredijilige aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eserleri ýaş nesliň kalbyna milli ruhy gymmatlyklaryň

Döwrebap bilim ojagy – milli pedagogikanyň binýady

07.09.2026
Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyp

Kitaba bolan söýgi maşgaladan başlanýar

05.09.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde mugallymlar, talyp ýaşlar we okuwçylar bilen geçiren umumy okuw sapagynda

Türkmenistan – bilimler ýurdy

04.09.2026
Altyn güýzüň ilkinji gününde — 1-nji sentýabrda Türkmenistan döwletimiziň ähli okuw mekdeplerinde täze — 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy. Bilimler we

Döwletli geňeş – berkarar geljek

04.09.2026
Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan döwletlilik mekdebi halka sala salmak, il-günüň agzybirligine hem-de pederlerimizden dowam edip gelýän parasatly durmuş ýörelgelerine daýanmak ýaly belent gymmatlyklardan gözbaş
GitTop