Dark
Light
13.04.2026
agyr at THE ASHGABAT TIMES

Özbegistandan 17 medal!

09.04.2026

Ýakynda agyr atletikaçylarymyz Özbegistan Respublikasynyň Çirçik şäherinde geçirilen halkara ýaryşdan üstünlikli gaýdyp geldiler. Goňşy döwletdäki agyr atletika boýunça sport baýramçylygynda türkmen türgenleri hormat münberine 17 gezek çykdy.

Bäş döwletden güýçli agyr atletikaçylaryň 60-syny jemlän halkara ýaryşda biziň türgenlerimiziň altysy döşüne ikiden, üçden medal dakdy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Babur Amangeldiýewiň döşüni bolsa altyn medallaryň ikisi we bir kümüş medal bezedi. 75 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşa Babura agyrlygy silterläp galdyrmakda we iki görnüşiň jeminde taý tapylmady. Silterläp, 135 kilogramlyk ştangany galdyran türkmen ýigidi itekläp galdyrmakda altyn medalyň eýesinden sähelçe az netije görkezdi we 156 kilogram agyrlygy eýgerdi. Şeýlelikde, onuň umumy görkezijisi 291 kilograma deň boldy. Bu netijeden soň Babura altyn medallaryň ikisi we bir sany kümüş medal gowşuryldy.

Halkara ýaryşda zenan türgenlerimiz hem üstünlikli çykyş etdiler. Babur bilen bir ýokary okuw mekdebinde okaýan Gurbangözel Orazowa 86 kilograma çenli, Mähriban Täçmyradowa bolsa şol kilogramdan ýokary agramdaky türgenleriň arasynda bürünç medallara mynasyp boldular.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

malayz THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan «OTC Asia – 2026» halkara sergisinde energetika strategiýasyny tanyşdyrdy

entembnam7yp4xstkeudqvjldujwoy 1500x800 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Soňkylar Habar

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi

13.04.2026
2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş
GitTop