Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy toýlanylýan şu taryhy ýylda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlary ýurdumyzyň daşary syýasy ugruna aýratyn öwüşgin berýär. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran taryhy sapary Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň halklaryny ruhy taýdan ýakynlaşdyrmakda we medeni gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakda Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Medeniýet günleriniň, dürli ugurly sergileriň we döredijilikli duşuşyklaryň yzygiderli guralmagy halklarymyzyň asyrlardan gelýän baý mirasyny özara öwrenmäge hem-de dostluk köprülerini berkitmäge uly ýardam berýär. Bu ugurda medeni diplomatiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özboluşly we täsirli guralyna öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyzyň dünýä jemgyýetçiligine hödürlän «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasy häzirki zaman diplomatiýasynda parahatçylygy üpjün etmegiň strategik sütüni hökmünde ykrar edildi. Bu ynsanperwer ýörelge türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň täze belentliklere çykmagyna, iki halkyň abadançylygy üçin täze mümkinçilikleriň açylmagyna itergi berýär. Aýratyn-da, parlamentara gatnaşyklaryň birek-birege sarpa goýmak esasynda ösdürilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyrýar.
Milli Liderimiziň Wena şäherinde geçirilen Energetika we howa boýunça halkara forumyna gatnaşmagy halkara gatnaşyklarynda möhüm ykdysady we ekologik ädim boldy. 2008-nji ýyldan bäri UNIDO we Awstriýanyň goldawy bilen geçirilýän bu forum ylmy jemgyýetçilik bilen işewürler dünýäsini birleşdirýän özboluşly köprüdir. Bu meýdança ekologiýa baradaky halkara borçnamalary anyk senagat çözgütlerine we maýa goýum taslamalaryna öwürmekde uly ähmiýete eýedir.
Umuman aýdanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran taryhy sapary iki döwletiň dostluk gatnaşyklarynyň ýylýazgysynda täze bir sahypany açdy. Bu sapar Türkmenistanyň halkara giňişliginde diňe bir ygtybarly hyzmatdaş däl, eýsem, ählumumy meseleleriň çözgüdine saldamly goşant goşýan döwlet hökmündäki ornuny has-da berkitdi.
Uzykjemal ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.