Dark
Light
21.04.2026
parahatcylyk ak kepderi THE ASHGABAT TIMES

Parahatlyk şuglasynda

01.04.2026

Göz guwanýar, atyr burkly her künji,
Dünýäde birdir, meniň Watanym!
Änew, Nusaý, Merw hem Köneürgenji
Açylmadyk syrdyr, eziz Watanym!

Gollarynda — şirwan perde, gazmasy…
Dünýä meşhur dessançylyk nagmasy.
Ýazyna ýaraşyk bahar çagbasy,
Ylhamlansa sildir, eziz Watanym!

Watan goýny meňzäp jennet mysala
Pyragyň arzuwy döndi wysala
Arkadagyň yhlasyndan bu ýaýla
Mydam jebis ildir eziz Watanym!

Taryhda şöhratly gerçek begleri,
Oba-ili, hatar-hatar degreli.
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili
Köp şiweli dildir, eziz Watanym!

Bu topraga düşmüş — Hakyň nazary!
Daýhan yhlasyndan — boldur bazary!
Bol suwly kanaly, çeşme, güzeri…
Bagy-bossan güldür, eziz Watanym!

Gelin-gyzy gözel, goýar lerzana,
Ýigitleri ezber, merdi-merdana!
Myhmansöýer, gujak açar mydama,
Saçak ýazsa giňdir, meniň Watanym!

Nurmyrat AŞYROW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

nyu deli THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

caga gul THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dürli ýaşly toparlarda köpçülikleýin gatnaşyklary terbiýelemek

Soňkylar Goşgular

Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!

27.02.2026
Bahar buşlukçysy Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,Pyntyklady pisse bilen badamlar.Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör:— Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar! Gol ýaýratdy bagymyzyň üzümi,(Uzak ýaşar şol

Täze ýyl arzuwlary

31.12.2025
Adam iki gezek gelmeýär dünýä,Ýaşalan bir ömür ýaşalsyn sünnä.Köňülde kök uran, göwünde güllänBagt bagyndan paý eçilsin bu ýyllar! Humaý guşy ganat berip perinden,Her kes

Göwnüm gitdi bir bakyşda ol dildara

09.08.2025
Diýdiler Göwnüm gitdi bir bakyşda ol dildara,Näz kylan bakyşlary goýar armana.Saçy uzyn, gaşy ýaý, ýüzi nurana,Gözelleriň gözeli peri diýdiler. Soradym ilden ol gözeliň ismini,Setirlerimde

Bu türkmeniň Lideri siz, Arkadag!

17.12.2024
Türkmeniň abraýyn arşa göteren,Watan diňe siziň bilen, Arkadag!Gadym ýurda baky bagty getiren,Watan diňe siziň bilen, Arkadag! Ýaýlasynda bagt gülleri açylan,Täleýine ykbal nury saçylan,Topragyna rysk-bereket

Ajap alamatdyr bagtyýarlykdan

14.10.2024
Her güni misli toý hoş habara baýAjap alamatdyr bagtyýarlykdanÝoly asudalyk, ili hoşamaýAjap alamatdyr bagtyýarlykdan Ýazlar görk berip dur bezäp Diýary.Mäkäm örklenipdir: galmak hyýaly.Sanardan kän
GitTop