Dark
Light
13.05.2026
pekin welo THE ASHGABAT TIMES

Pekinde welosiped ýörişi geçirildi

30.04.2026

2026-njy ýylyň 29-njy aprelinde köpçülik sporty we fiziki terbiýäni ösdürmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäginde, şeýle hem Türkmenistanda geçirilýän Saglyk Milli aýyna bagyşlanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Hytaýdaky Ilçihanasynyň diplomatlarynyň, türkmen we hytaý ýaşlarynyň gatnaşmagynda dabaraly welosiped ýörişi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

“Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda dostluk, pes uglerodly saglyk we ýaş ruh” şygary astynda geçirilen çäräni Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy gurnady, bu çäre Hytaýyň “Flying Pigeon” welosiped birleşiginiň we “China-Turkmenistan Cultural Center”, şeýle hem Hytaýyň iň gadymy welosiped öndüriji kärhanasy “Flying Pigeon” ýaly hytaý kompaniýalarynyň ýakyndan ýardam bermegi bilen amala aşyryldy.

Bu sport çäresiniň geçirilmegi Türkmenistanyň we Hytaýyň medeniýet we sport ugurlarynda ýokary derejeli hyzmatdaşlygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Welosiped ýolunyň badalgasy we jemleýji nokady — simwoliki ähmiýetli bolan Türkmenistanyň Milli pawilýonynyň ýerleşýän ýerinde boldy. Ýaşlar guramalaryndan ybarat gatnaşyjy toparlar «Dongjimen» etrabynyň esasy köçeleriniň ugry boýunça ýörite işlenilip düzülen ugur boýunça hereket etdiler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

ŞAN-ŞÖHRATY DÜNÝÄ DOLAN, BEDEWIM!

69f300c6357b869f300c6357b9177753312669f300c6357b469f300c6357b6 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Azerbaýjan 2026-njy ýylda Bütindünýä daşky gurşawy goramak gününiň esasy çärelerini geçirer

Soňkylar Habar

Halkara Balkan olimpiadasyndan 5 medal!

12.05.2026
3 — 8-nji maý aralygynda Gresiýa Respublikasynyň Saloniki şäherinde matematika dersi boýunça geçirilen 43-nji Halkara Balkan matematika olimpiadasynda türkmen ýaşlary üstünlikli çykyş etdiler. Olimpiada

Dünýä çempionatyndan 4 medal!

12.05.2026
2 — 8-nji maý aralygynda Müsüriň Ismailiýa şäherinde ýaşlaryň arasynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri
GitTop