Dark
Light
09.08.2026
saglyk 266 THE ASHGABAT TIMES

Sag başym – soltan başym

29.04.2026

Döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygy barada hemmetaraplaýyn alada etmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň paýhasly baştutanlygynda üns berilýän esasy ugurlaryň biridir. Ynsan saglygy we abadan durmuşy babatdaky giň möçberli işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan maksat-tutumlar bilen sazlaşykda alnyp barylýar. 

«Il saglygy — ýurt baýlygy» diýilýär. Döwletimiziň raýatlarynyň saglygy ýurdumyzyň baýlygyna deňelýär. Ata Watanymyzyň ösüşi we geljegi jemgyýetiň sagdynlygy bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem halkyň saglygyny goramagy we sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýete ornaşdyrmagy maksat edinýän özgertmeler, maksatnamalar durmuşa geçirilýär. 

«Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek, ulgamyň işini hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk getirmek babatdaky giň möçberli özgertmeleriň berk binýady bolup hyzmat edýär. Bu maksatnama laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk esaslary has-da kämilleşdirilýär. Ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, bejeriş-öňüni alyş işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny döwrüň talaplarynyň derejesinde guramak boýunça durmuşa geçirilýän işler adam hakyndaky aladany özünde jemleýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem uly üns berilýär. Ýaşlaryň hünärleri ezber ele almaklary üçin möhüm şertler üpjün edilýär. Sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanýan, dünýä we milli tejribelerden ugur alýan hünärmenler bolsa ýurdumyzyň geljegi hem daýanjydyr.

Merjen HUDAÝKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň rus dili mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

img 5075 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen-Hytaý hyzmatdaşlygynda täze sahypa: Aşgabatda strategik işewürlik forumy başlandy

awstriya 1776773003 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Parahatçylygyň we ösüşiň täze sahypasy

Soňkylar Makalalar

Şöhratly taryhyň ýaňy

06.08.2026
Dogrudan hem, bu günki gün «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygar bilen türkmen halkyny aýdyň geljege sary

Biz – buýsançly döwrüň bagtyýar bilim işgärleri!

04.08.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, açylyp ulanylmaga berilýän

Garaşsyzlyk – halkyň buýsanjy we bagty

04.08.2026
Garaşsyzlyk her bir halkyň iň gymmatly baýlygy, döwletliligiň we milli erkinligiň esasy nyşanydyr. Ol halkyň öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemäge, syýasy, ykdysady we medeni ösüş
GitTop