Dark
Light
05.10.2026
saglyk bar THE ASHGABAT TIMES

Sagdyn bedende – sagdyn ruh

01.04.2026

Her ýylyň 7-nji aprelinde ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Baýramçylyk mynasybetli Diýarymyzda bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi bu ajaýyp senä uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe lukman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şu jähetden, ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak köpugurly wezipe bolmak bilen, ol diňe bir dürli keselleriň öňüni almak, olary irki döwürlerde anyklamak we netijeli bejermek bilen çäklenmän, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmek wezipelerini hem öz içine alýar.

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi, Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy ýurdumyzyň sporty ösdürmekdäki, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ilerletmekdäki üstünlikleriniň halkara derejede ýokary baha eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäräniň geçirilmegi hem aýratyn bellärliklidir. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Aýjeren HALLYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 11-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

caga gul THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dürli ýaşly toparlarda köpçülikleýin gatnaşyklary terbiýelemek

img e3455 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bakja-baglardan

Soňkylar Makalalar

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,

Garaşsyz Watanymyzyň bilimli nesilleri

03.10.2026
Her bir halkyň taryhynda aýratyn ähmiýetli döwürler bolýar. Olar millet üçin diňe bir täze eýýamyň başlangyjy bolman, eýsem, onuň geljegini, ykbalyny hem kesgitleýär. Türkmen

Bilim bilen belent maksatlar rowaçlanýar

03.10.2026
Ýur­du­myz­da ylym we bi­lim ös­dü­ril­ýär. Be­ýik iş­le­riň üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny, döw­re­bap ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­di. Ola­ryň ma­ny-maz­mu­ny, äh­mi­ýe­ti ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da
GitTop