Dark
Light
07.10.2026
emblema 2026 THE ASHGABAT TIMES

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy

04.04.2026

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Her ýylyň 7-nji aprelinde milli senenamamyzda berkidilen halkara sene ― Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenilip geçilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, bu sene mynasybetli ýurdumyzda wagyz-nesihat duşuşyklary giň gerime eýe bolýar.

Şeýle duşuşyklaryň biri Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda geçirildi. «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy» diýlip atlandyrylan duşuşyga dürli pudaklaryň hünärmenleri, mugallymlar, saglygy goraýyş işgärleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem-de Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini dabaralandyrmak ugrunda döwlet derejesinde durmuşa geçirilýän beýik işler barada giňişleýin durup geçdiler. Hususan-da, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň hem-de saglygy saklaýyş ulgamynyň hünärmenleriniň çykyşlarynda ekologiýa arassalygynyň, yzygiderli sport bilen meşgullanmagynyň we dogry iýmitlenmegiň ynsan saglygy üçin ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyjylar ýaş nesliň kämil, sagdyn we ruhubelent bolup ýetişmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýtdylar. Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan bu çäre ýurdumyzda dabaralanýan sagdynlyk we sport baýramynyň jemgyýetçilik agzybirligini has-da pugtalandyrýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bbb THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Üstünlikli sepgitler bilen

ykdysadyyet we dolandyrys instituty THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna rektor bellenildi

Soňkylar Makalalar

Bagtyýar çagalar – ýagty ertirlerimiziň umydy

06.10.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,
GitTop