Dark
Light
20.04.2026
saglyk gun new THE ASHGABAT TIMES

Sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgesi

06.04.2026

Her ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanda, tutuş halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde, Bütindünýä saglyk güni giňden, dabaraly bellenilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy giňden baýram ediljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu sene mynasybetli geçirilýän dürli çäreler ýylyň şygaryna, döredijilik ruhuna muwapyk röwüşde many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda adamyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruny kesgitleýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän bu syýasat adamyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunda eziz Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketiniň giň gerime eýe bolmagy, saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan taryhy üstünlikler sagdyn nesilleri terbiýelemekde möhüm orun tutýar. Bu uly tutumly işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna hem-de Türkmenistan döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagyna ýardam edýär.

Häzirki wagtda eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport toplumlary we saglygy goraýyş desgalary gurlup ulanmaga berilýär. Şunda ylym-bilim edaralarynyň hem-de ýaşaýyş toplumlarynyň taslamalary işlenip taýýarlananda we gurluşyk işleri alnyp barlanda sport düzüminiň göz öňünde tutulmagy hökmany talap bolup durýar. Munuň özi ýaş nesliň sazlaşykly kemala gelmegini üpjün etmek ugrunda ägirt uly jogapkärçiligiň we geljegiň bähbidine alnyp barylýan işleriň aýdyň güwäsidir.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, saglyk bagtyýarlygyň gözbaşydyr, ol ömrüň gymmatyny kesgitleýän bahasyz baýlykdyr. Saglygyň sag adamyň başyndaky altyn täje deňelmegi-de hut şu manyny özünde jemleýär. Goý, öz ykbalynda hemişe şol «altyn täje» buýsanyp, ömrüň gymmatyny duýup ýaşamak her bir adama nesip etsin! 

Enejan GURBANOWA,
TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

tokaylar THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Tomus möwsüminde öri we tokaý meýdanlarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleri

fran konsert THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Soňkylar Makalalar

BEDEW BADY BILEN ROWAÇLANÝAN TUTUMLY IŞLER

16.04.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz her bir ýyly uly ylham we belent tutumlar bilen garşylaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de

Ýollar ile elter

16.04.2026
Golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly açylmagy hem ulag ulgamyny ösdürmekde, ýükleri we ýolagçylary

Matematikada mukaddes sanlar

15.04.2026
Sanlar adamzat taryhynda diňe bir hasaplama guraly bolman, eýsem ruhy, medeni we ylmy ähmiýete eýe bolupdyr. Käbir sanlar dürli halklaryň arasynda aýratyn hormat bilen kabul

Guramaçylyk we usulyýet babatda öňdebaryjylar saýlandy

14.04.2026
Her okuw ýylynda öňdebaryjy iş tejribeleri, gazanylan üstünlikleri, görkezijileri, hünär ugry boýunça ussatlygy, guramaçylyk başarnyklary we pedagogik işjeňligi bilen tapawutlanýan bilim-terbiýeçilik işgärleriniň arasynda geçirilýän

Maksatly il myrada ýeter

14.04.2026
Halk nakyllarynda «Maksatly il myrada ýeter» diýlişi ýaly, bu günki gün Türkmenistan döwletimiziň ykdysady ösüşiniň milli nusgasy diwersifikasiýalaşdyrmak, önümçilige iň öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary
GitTop