Dark
Light
14.06.2026
THE ASHGABAT TIMES

ŞAN-ŞÖHRATY DÜNÝÄ DOLAN, BEDEWIM!

30.04.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýlup, olary aýawly saklamakda, öwrenmekde, ösdürmekde we şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli buýsanjymyz hem guwanjymyz bolan türkmen bedewleri hem, özüniň gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, häzirki zaman dünýä medeniýetine goşulan milli gymmatlygymyzyň biridir. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmeginiň özi hem, halkymyzyň ýürek arzuwy bolup, milli gymmatlyklaryna goýýan belent sarpasynyň aýdyň nyşanydyr.
Ata-babalarymyzyň döreden maddy gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri bolan behişdi bedewlerimiz gözelligiň ajap nusgasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary bilen bir hatarda «Döwlet guşy», «Älem içre at gezer» atly romanlarynda hem, türkmen bedewine uly sarpa goýulýar.
Ganatly bedewlerimiz merdana halkymyzyň, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň tutuş dünýä dolan şan-şöhratynyň, abraý-mertebesiniň gözbaşlarynyň biridir. Şonuň üçin hem, türkmen halkynyň mukaddeslik derejesine göteren behişdi bedewleriniň dünýä dolan şan-şöhratyny has-da belende götermekde döwlet derejesinde uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Ejebaý NYÝAZOWA

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň öwreniji-mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

iac meeting road map monitoring THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aýallaryň hukuklary baradaky halkara borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça «Ýol kartasynyň» amala aşyrylyşyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyk geçirildi

pekin welo THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Pekinde welosiped ýörişi geçirildi

Soňkylar Makalalar

Çaga – geljegiň şuglasy

11.06.2026
Çagalar nesil dowamaty bolup, döwleti gülletjek hem-de ösdürjek, ata-babalarymyzyň döreden gymmatlyklaryny indiki nesillere ýetirjek geljekki şahsyýetlerdir. Olara berlen iň oňat terbiýe peşgeşi, şeýle-de körpeleriň

Zergärçilik sungatynda sagatlaryň çeper bezegi

08.06.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz goldawlary netijesinde türkmen amaly-haşam sungatynyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ylmy esasda öwrenmekde we

Mekdebe çenli döwürde

06.06.2026
Ynsan gurluşynyň, onuň dünýägaraşynyň we zehin binýadynyň iň çalt kemala gelýän döwri — mekdebe çenli ýaşdyr. Şonuň üçin hem bilim ulgamyndaky islendik özgertmäniň gözbaşy
GitTop