Dark
Light
13.05.2026
saglyk kollazh welo THE ASHGABAT TIMES

Sport – gözelligiň we güýç-gaýratyň sazlaşygy

13.04.2026

Ynsan ruhy bilen bedeniniň özara utgaşyklygy durmuşyň iň belent sazlaşygydyr. Kämil saglyk fiziki kuwwat bolmak bilen bir hatarda, akyl-paýhasyň hem-de içki dünýäniň bitewüligini üpjün edýän esasy sütünleriň biridir. Şunda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek, dünýäniň sport giňişliginde ýurdumyzyň abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir. 

Sport bilen meşgullanmak adamyň beden we ruhy ýagdaýyna oňaýly täsir etmek bilen birlikde, zähmetsöýerlik, ruhubelentlik, maksada okgunlylyk, düzgün-nyzamlylyk ýaly häsiýetleri ýüze çykarmaga ýardam edýär. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan iri möçberli işleriň çäklerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketini ösdürmek üçin şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Tutuş dünýäde uly gyzyklanma döredýän «akylly» şäher — Arkadag şäheri bu ugurdaky işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň görkezijisidir. Häzirki wagtda bu şäherde köpugurly sport toplumy, sport merkezi, 10 müň orunlyk stadion hereket edýär.

Häzirki zaman dünýäsinde sport her bir şahsyýetiň öz-özüni kämilleşdirýän we erkini taplaýan mekdebidir. Yzygiderli beden maşklary adamy diňe bir fiziki taýdan däl, eýsem, akyl we ruhy taýdan hem berkidýär. Sport bilen meşgullanmak durmuşyň kynçylyklaryna garşy durmaga ukyply, çydamly we tutanýerli nesli kemala getirmekdir. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen täze taryhy döwürde sportuň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülmegi jemgyýetiň umumy medeniýetiniň ýokarlanmagyna hyzmat edýär.

Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Halkara Olimpiýa Komiteti we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň sebit we dünýä derejesindäki iri ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrülmegi eziz Diýarymyzyň parahatçylyk söýüjilikli sport diplomatiýasynyň üstünligidir. Türkmen türgenleriniň gazanýan her bir ýeňşi bolsa ýurdumyzyň sportda gazanýan belent sepgitleriniň ajaýyp beýanydyr. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň birinji çärýeginde türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip, jemi 123 medal gazanmagy buýsançly hakykatdyr. Bularyň ählisi «Döwlet adam üçindir!» hem-de «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlaryň durmuşdaky hakyky beýanyna öwrülip, her bir raýatyň mynasyp ýaşamagyna we öz ukyplaryny doly açmagyna şert döredýär.

Marziýa NARKULYÝEWA,
Çärjew etrabynyň 26-njy orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

grafika THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halypa grafikaçynyň we nakgaşyň şahsy sergisi

caga owrediji oyun THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bagtyýar nesilleriň kämil terbiýe mekdebi

Soňkylar Makalalar

Berkararlygyň goşa sütüni

13.05.2026
Ýurdumyzyň esasy Döwlet nyşanlary bolmak bilen, Esasy Kanunymyz we ýaşyl Tugumyz täze taryhy eýýamda döwletliligimiziň mizemez sütünleri hökmünde çykyş edýär. Bu iki mukaddeslik diňe

Bu döwür – beýik işleriň döwri

13.05.2026
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek ileri tutulýan ugurlaryň

Milli gämi gurluşygynda tejribeleri artdyryp

13.05.2026
Türkmenistanda gämi gurluşygy täze we strategik senagat pudagydyr. Hormatly Prezidentimiziň 8-nji maýda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde «Gadamly» atly täze gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegine

Paýhas äleminiň şamçyragy

12.05.2026
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäniň we döwrüň ösüşi bilen deň gadam urýan Watanymyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär.
GitTop