Dark
Light
17.05.2026
parahatcylyk new 25 kepderi THE ASHGABAT TIMES

Tagallalaryň birligi – maksatlaryň bitewüligi

14.04.2026

Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) hem-de Awstriýanyň Hökümetiniň howandarlygynda 2008-nji ýylda esaslandyrylan Energetika we howa boýunça halkara Wena forumy geçen ýyllaryň dowamynda ekologiýa ugurly başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin esasy ählumumy meýdança öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Awstriýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hofburg köşgünde geçirilen Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşmagy taryhy ähmiýetli waka öwrüldi.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahaty (COP) ýaly syýasy sammitler umumy maksatlary öňde goýýan bolsa, Wena forumy ol maksatlary gazanmak üçin tehnologik we maliýe gurallaryna ünsi çekýär. Bu forum döwlet düzümleriniň, ylmy jemgyýetçiligiň, işewür toparlaryň arasynda özboluşly köpri bolup, daşky gurşaw boýunça ählumumy borçnamalary anyk maýa goýum taslamalaryna, senagat çözgütlerine öwürmäge ýardam berýär. Çünki maslahatyň gün tertibine, esasan, energetika geçişini çaltlandyrmak, «ýaşyl» wodorody ornaşdyrmak, energetika ulgamyny sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler girizilýär. Forumda ykdysadyýetleri energiýa serişdelerine bagly bolan ösüp barýan ýurtlarda arassa energiýa inklýuziw elýeterliligi üpjün etmek bilen bagly soraga aýratyn üns berilýär. Forumyň çäklerinde senagat pudagynda metanyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmak, «ýaşyl» energetika üçin möhüm serişdeleriň durnukly zynjyrlaryny döretmek meseleleri maslahatlaşylýar.

Türkmenistan senagat pudagynda uglerodyň zyňyndylaryny peseltmäge aýratyn üns bermek bilen, howa boýunça ählumumy gün tertibine işjeň gatnaşýar. Ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy bu ugurda wajyp ädim boldy. Häzirki wagtda bu borçnamanyň çäklerinde 2030-njy ýyla çenli metanyň daşky gurşawa zyňyndylaryny 30 göterim peseltmek boýunça ulgamlaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda innowasion çözgütler ornaşdyrylýar. Ýurdumyz energetika howpsuzlygynyň binýady hökmünde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işjeň ösdürýär.

Milli Liderimiziň Wena forumynda beýan eden başlangyçlary ählumumy ekologiýa meselelerini çözmekde täze ugurlary kesgitläp, Türkmenistanyň energetika giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde eýeleýän ornuny tassyklady. Ýurdumyz milli bähbitleri dünýäniň ekologik taýdan abadançylygy baradaky tagallalar bilen sazlaşykly utgaşdyryp, halkara energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmekde döredijilikli çemeleşýändigini ýene-de bir gezek subut etdi.

Abdyresul SARYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ymambaba THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gurmak, döretmek ýoly bilen beýik geljege

bilim talyp THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Maksatly il myrada ýeter

Soňkylar Makalalar

Döwlet nyşanlaryna belent sarpa

15.05.2026
Ýurdumyzyň esasy Döwlet nyşanlary bolmak bilen, Esasy Kanunymyz we ýaşyl Tugumyz täze taryhy eýýamda döwletliligimiziň mizemez sütünleri hökmünde çykyş edýär. Bu iki mukaddeslik diňe

Konstitusiýa we baýdak – mizemez mukaddeslikler

15.05.2026
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde her bir şanly sene halkymyzyň taryhy buýsanjyny, milli agzybirligini we döwletlilige bolan belent hormatyny dabaralandyrýar. Şeýle ajaýyp baýramlaryň biri

Matematikany okatmagyň usulyýetiniň wezipeleri

14.05.2026
Matematikany okatmagyň usulyýeti pedagogika ylmynyň aýrylmaz bölegi bolup, ol ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny, usullaryny we guramaçylyk şertlerini ylmy esasda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Iňlis dilini öwretmekde pedagogik wezipeler

14.05.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyz nesilleriň ählitaraplaýyn terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin döwletiň, jemgyýetiň öňünde uly wezipeleri
GitTop