Dark
Light
13.04.2026
ykdysady 2024 THE ASHGABAT TIMES

Täze eýýamyň işewürlik nusgasy

07.04.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan özüniň ykdysady ösüşiniň täze we innowasion tapgyryna gadam basdy. Bu döwürde ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, ony sanly ulgama geçirmek we hususy telekeçiligi goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki zaman dünýäsinde globallaşma we tehnologik ösüşleriň çaltlanýan şertlerinde, ykdysadyýeti täzeçillik we döwrebap dolandyryş çözgütleri bilen baýlaşdyrmak möhüm ähmiýete eýedir.

Häzirki wagtda tehnologik çözgütler islendik döwletiň ösüşiniň esasy guraly bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň ykdysadyýetini sanly ulgama geçirmek strategiýasy bolsa Milli Liderimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan özgertmeleriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň aýrylmaz bölegidir. Bu ugurda kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ýaly taryhy resminamalar ýurdumyzyň geljekki ösüş ýoluny aýdyň görkezýär.

Sanly ulgamyň ösdürilmegi ýurdumyzda hususy ulgamdaky kärhanalary hem ýeke-täk maglumat giňişligine birikdirdi. Munuň özi öndürilýän harytlaryň hiliniň ýokarlanmagyna, hyzmatlar ulgamynyň döwrebaplaşmagyna we sarp edijilere elýeterli bolmagyna ýardam edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde hem bellenilişi ýaly, häzirki wagtda eksporta gönükdirilen we importyň ornuny tutýan önümçilikleriň gerimi has-da giňeýär. «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlar bu gün dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny görkezýär.

Jemläp aýdanymyzda, innowasion ykdysadyýetiň ylmy esaslarynyň öwrenilmegi ösüş-özgerişleriň uzak möhletli we durnukly bolmagyny üpjün edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrýan, ylmyň we döwrebap tehnologiýalaryň güýjüne daýanýan bu beýik işler Watanymyzyň parlak geljegine gönükdirilendir. Milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berip, durnukly ykdysady ösüşiň bähbidine beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Mekan ANNAMEŇLIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

owgan maa THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogy geçirildi

screenshot 20260406 143651 gallery THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli Rumyniýada mini-futbol boýunça ýaryş geçirildi

Soňkylar Makalalar

Mekdepden daşary çagalar edaralarynda

13.04.2026
Ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini maksadalaýyk guramak, ýaşlaryň bilim almaga we hünär öwrenmäge bolan höweslerini goldamak, döredijilik, tehniki we beýleki ugurlar boýunça meşgullanmalary netijeli amala

Halypa grafikaçynyň we nakgaşyň şahsy sergisi

12.04.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýet ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede ösdürmek baradaky syýasaty barha rowaç alýar.

Bedew bady – belent maksatlar

10.04.2026
Ýyllaryň üznüksiz kerweni biri-birinden zyýada gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar

Geljegimiz bolan ýaşlaryň jemgyýetdäki orny

09.04.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagyny üpjün etmek, ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp gitjek kämil
GitTop