Dark
Light
13.09.2026
ymambaba THE ASHGABAT TIMES

Täze şäherçe – bagtyýar geljegiň binýady

25.04.2026

Berkarar döwletimiziň täze taryhy eýýamynda amala aşyrylýan beýik özgertmeler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini täze belentliklere göterýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna barýan ak ýollarymyzda, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň nobatdaky dabaralanmasy boldy. Bu tutumly iş, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň iň şanly wakalarynyň biri hökmünde taryha girdi.

Ata-babalarymyzyň gurluşyk we binagärlik medeniýeti şu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen täze many-mazmuna eýe bolýar. Amala aşyrylýan her bir gurluşyk taslamasy halkymyzyň bagtyýar geljeginiň binýadyny berkidýär. Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze şäherçäniň düýbüniň tutulmagy diňe bir gurluşyk taslamasy bolman, eýsem pederlerimizden gelýän «Abatlyk — bina bilen» diýen sarsmaz ýörelgäniň häzirki döwrüň ajaýyp ösüşleri bilen sazlaşýandygynyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň pähim-paýhasyndan kemal tapan bu beýik tutumlar täze taryhy eýýamyň nurana sahypalaryny ýazýar. Şäherçede guruljak mekdepler, çagalar baglary we medeniýet ojaklary ýaş nesillerimiziň milli däp-dessurlarymyz esasynda döwrebap bilim-terbiýe almagynda, ylym älemine ynamly gadam goýmagynda mizemez binýat bolar. Bu binalar ýaşlarymyzy täze ýeňişlere ruhlandyrmak bilen, olaryň röwşen arzuwlarynyň hasyl bolýan mekanyna öwrüler.

Bularyň ählisi ýurdumyzda adam hakdaky aladanyň ähli özgertmeleriň özenini düzýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Sagdyn ruhly, kämil nesilleri kemala getirmek ugrunda edilýän bu tagallalar döwletimiziň geljegine goýulýan iň uly maýa goýumdyr. Mary topragynda düýbi tutulan täze şäherçe «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlaryň durmuş hakykatyna öwrülýändigini ýene bir ýola bütin dünýä äşgär edýär.

Arslan RAHYMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

emblem of turkmenistan gerb THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary

bedew 2626 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ahalteke bedewleri – dünýä atşynaslygynyň nusgasy

Soňkylar Makalalar

Ýan­gyn­dan ägä bo­la­lyň!

11.09.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň bagtyýar, asuda durmuşy, abadançylygy we saglygy barada uly aladalar edilýär. Bu ugurda ilat arasynda wagyz-nesihat etmegiň çäginde

Bedew bady bilen rowaçlygyň röwşen ýoluna!

11.09.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda belent maksatlar rowaçlanýar, her bir günümiz üstünliklere beslenýär. Şeýle ajaýyp ýylda belent maksatlary nazarlap

Bilim – adamzadyň iň uly baýlygy

11.09.2026
Häzirki döwürde islendik jemgyýetiň hem-de ýurduň ösüşiniň esasy şertleriniň biri bilimli, başarnykly we maksada okgunly nesli terbiýelemekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp

«Kitap okan gullar magnydan dokdur»

10.09.2026
Durmuşda ynsan kalbyna täsir etmekde çuňňur manyly sözden ähmiýetli zat, megerem, ýok bolsa gerek. Dana sözler, paýhasly jümleler, dürdäne pähimler her bir adamyň göwnüni
GitTop