Dark
Light
13.09.2026
awto THE ASHGABAT TIMES

Täze taryhyň şanly sahypasy

28.04.2026

Milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek we ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende götermek ugrunda amala aşyrylýan taslamalar häzirki zaman taryhymyzyň şanly sahypalaryna öwrülýär. Şu nukdaýnazardan, ýakynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagy hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylmagy möhüm ähmiýete eýedir.

Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap obalardyr şäherçeler, inženerçilik desgalary we ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagy döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň aýdyň mysalydyr.

Ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmakda strategik ähmiýete eýe bolan ýolgurluşyk pudagynda hem taryhy öňegidişlikler gazanylýar. Umumy uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyry bolan Mary — Türkmenabat böleginiň açylyp ulanmaga berilmegi muňa doly şaýatdyr. Bu uly göwrümli taslama milli ulag diplomatiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini subut etmek bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça halkara ulag geçelgeleriniň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Umuman, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlary esas edinýän bu ägirt uly gurluşyklar we ulag-logistika taslamalary sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşini täze derejä çykarýar. Täze açylan awtomobil ýoly we düýbi tutulan döwrebap şäherçe geljekde döwletimiziň halkara söwda gatnaşyklaryny we ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini has-da kämilleşdirmäge ýardam eder. Halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Mähriban BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ankara caga THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Döredijiligiň, çagalygyň we dostlugyň baýramy

bedew bedew THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bedewler – döwürleriň we göwünleriň buýsanjy

Soňkylar Makalalar

Ýan­gyn­dan ägä bo­la­lyň!

11.09.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň bagtyýar, asuda durmuşy, abadançylygy we saglygy barada uly aladalar edilýär. Bu ugurda ilat arasynda wagyz-nesihat etmegiň çäginde

Bedew bady bilen rowaçlygyň röwşen ýoluna!

11.09.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda belent maksatlar rowaçlanýar, her bir günümiz üstünliklere beslenýär. Şeýle ajaýyp ýylda belent maksatlary nazarlap

Bilim – adamzadyň iň uly baýlygy

11.09.2026
Häzirki döwürde islendik jemgyýetiň hem-de ýurduň ösüşiniň esasy şertleriniň biri bilimli, başarnykly we maksada okgunly nesli terbiýelemekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp

«Kitap okan gullar magnydan dokdur»

10.09.2026
Durmuşda ynsan kalbyna täsir etmekde çuňňur manyly sözden ähmiýetli zat, megerem, ýok bolsa gerek. Dana sözler, paýhasly jümleler, dürdäne pähimler her bir adamyň göwnüni
GitTop