Dark
Light
21.04.2026
telekecilik THE ASHGABAT TIMES

Telekeçilik – ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji

08.04.2026

Telekeçilik işiniň döwlet tarapyndan yzygiderli goldanylmagy milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginde we ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagynda strategik ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda hususy pudagyň wekilleri täzeçil tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlary öndürmek we döwrebap hyzmatlar ulgamyny kemala getirmek arkaly ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine saldamly goşant goşýarlar.

Bazar gatnaşyklarynyň barha kämilleşmegi, hususy eýeçiligiň goraglylygynyň kanunçylyk taýdan berkidilmegi hem-de telekeçiler üçin döredilýän ýeňillikli maliýe we salgyt şertleri işewürlik gurşawynyň özüne çekijiligini has-da ýokarlandyrýar. Esasan hem, oba hojalygynda azyk bolçulygyny döretmek, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini döwrebaplaşdyrmak we hyzmatlar ulgamynda sanly çözgütleri ulanmak ýaly ugurlarda hususyýetçileriň alyp barýan işleri importyň ornuny tutýan önümçilikleriň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryny ösdürmegiň, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň hukuk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär. Esasy Kanunymyzyň 134-nji maddasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi hem-de orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär. Munuň üçin dürli ýyllarda «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda», «Telekeçilik işi hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda», «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň täze derejä çykmagy netijesinde, iri göwrümli taslamalary durmuşa geçirmäge telekeçileriň işjeň çekilmegi bolsa ýurdumyzyň senagatlaşma derejesiniň ýokarlanmagyna we müňlerçe täze iş orunlarynyň döredilmegine şert döredýär. Şeýlelikde, telekeçilik başlangyçlarynyň höweslendirilmegi diňe bir ykdysady bähbitleri üpjün etmekle çäklenmän, eýsem raýatlaryň girdejileriniň artmagyna, olaryň döredijilikli zähmet çekmegine we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha gowulanmagyna hyzmat edýän kuwwatly güýje öwrülýär.

Merdan NOWRUZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yrak THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşyk

gurlusyk surat 25 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze şäherçe gurlar

Soňkylar Makalalar

Bilim we psihologiýa: ösüş we kämillik

20.04.2026
Bilim we psihologiýa biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, olar bitewi bir ulgamyň iki tarapy ýalydyr. Bilim bermek maglumatlaryň kabul edilişini, özleşdirilişini we adamyň içki

Bilim-terbiýeçilik işleriniň milli kökleri

20.04.2026
Bilim we terbiýe islendik halkyň geljegini, ruhy bitewüligini we döwletliligni kesgitleýän esasy sütünlerdir. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda bilim-terbiýeçilik işleri ynsany kemala getirmegiň milli mekdebine

Matematika – akylyň hazynasy

20.04.2026
Matematika diňe bir sanlaryň we amallaryň jemlenmesi däl-de, eýsem adamzat akylynyň iň kämil we logiki guralydyr. Ony “akylyň hazynasy” diýip atlandyrmaklygyň düýbünde çuňňur many

BEDEW BADY BILEN ROWAÇLANÝAN TUTUMLY IŞLER

16.04.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz her bir ýyly uly ylham we belent tutumlar bilen garşylaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de

Ýollar ile elter

16.04.2026
Golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly açylmagy hem ulag ulgamyny ösdürmekde, ýükleri we ýolagçylary
GitTop