Dark
Light
17.05.2026
tokio THE ASHGABAT TIMES

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

15.04.2026

2026-njy ýylyň 10-njy aprelinde Tokio şäheriniň «The Shoto Museum of Art» sungat muzeýinde  «Merkezi Aziýanyň el işleri» şygary astynda Türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň, ajaýyp keşdeleriniň we şaý-sepleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Sergi 2026-njy ýylyň 11-nji aprelinden 14-nji iýuny aralygynda dowam eder.

Sergi Ýaponiýanyň Hirosima prefekturasynyň Sungat muzeýiniň gorunda saklanýan ajaýyp türkmen eserlerini tokioly ýaşaýjylara görkezmegi, Beýik Ýüpek ýolynyň ugrunda ýerleşen Merkezi Aziýadaky medeniýeti açyp görkezmegi, türkmen keşdelerini, ajaýyp el işlerini, kümüş şaý-seplerini we beýleki däp bolan senetleri görkezmegi maksat edinýär.

Sergide 200 golaý türkmen kümüş şaý-sepleri, milli ketenisi, keşde çekilen çyrpylaryň görnüşleri we el işleri görkezilýär.

Serginiň geçirilýän wagty «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly bilen gabatlaşyp, onda iňlis atşynaslary tarapyndan ýygnalan türkmen bedew atlarynyň bezeg şaý-sepleri we esbaplary hem ýaýbaňlandyrylandyr.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

sambo cem THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dünýä kubogyndan 7 medal!

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Azerbaýjan Merkezi Banky täzelenen 100 manatlyk banknoty dolanyşyga çykarmaga taýýar

Soňkylar Habar

Buharestde türkmen-rumyn konsullyk geňeşmeleri geçirildi

15.05.2026
2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Buharest şäherinde Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylary derejesinde konsullyk geňeşmeleri geçirildi.
GitTop