Tomus paslynyň gelmegi we howanyň gyzmagy bilen öri meýdanlarynda hem-de tokaý zolaklarynda ýangyn howpuna garşy goraýyş çärelerini güýçlendirmek örän möhüm meseleleriň birine öwrülýär. Tebigy baýlyklarymyzy aýawly saklamak we daşky gurşawa zyýan ýetirmezlik üçin her bir raýatyň ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmegi zerurdyr.
Ilki bilen, gurak tomus aýlarynda meýdanlarda we tokaýlyklarda ot ýakmakdan düýbünden saklanmalydyr. Sebäbi sähelçe şemal hem kiçijik uçguny uly we dolandyryp bolmajak ýangyna öwürip bilýär. Esasanam, gurap galan otlaryň we pürli agaçlaryň arasynda ýangyn gaty çalt ýaýraýar, bu bolsa diňe bir ösümlik dünýäsine däl, eýsem şol ýerdäki haýwanat dünýäsine we golaýdaky ilatly nokatlara hem uly wehim salýar.
Şeýle hem, syýahatçylar we tebigata gezelenje çykýanlar öz yzlaryndan aýna böleklerini ýa-da çüýşe gaplaryny galdyrmaly däldirler. Güneşli howada aýna bölekleri linza wezipesini ýerine ýetirip, günüň şöhlesini bir nokada jemleýär we gury otlaryň tutaşmagyna sebäp bolup bilýär. Şonuň bilen birlikde, awtoulag serişdeleriniň tehniki ýagdaýyna üns bermek, olardan çykýan uçgunlaryň öri meýdanlaryna düşmeginiň öňüni almak zerurdyr.
Eger-de nähilidir bir sebäbe görä ýangyn dörän halatynda, haýal etmän degişli ýangyn söndüriş gulluklaryna habar bermek we ýangyn entek uly göwrüme ýetmedik bolsa, elastyndaky serişdeler bilen ony söndürmäge çalşylmalydyr. Ýatda saklaň, tebigaty goramak diňe bir borç däl, eýsem, geljekki nesillere arassa we gözel gurşawy miras galdyrmagyň esasy şertidir. Berjaý edilýän her bir düzgün uly betbagtçylygyň öňüni alýandyr.
Kakamyrat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Ýangyn-tehniki fakultetiniň Ýangyn-taktiki kafedrasynyň uly mugallymy, içerki gullugyň podpolkownigi.