Ministrler Kabinetiniň 18-nji aprelde geçirilen mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürlik maslahatyny we sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu çärelere gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça döwlet edaralarynyň, guramalarynyň, dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 80-den gowragy hasaba alyndy hem-de gatnaşyjylary hasaba almak işi dowam edýär. Sergä gatnaşjak hytaý kompaniýalary, esasan, maşyngurluşyk, tehnologik enjamlaryň we tehniki serişdeleriň önümçiligi, nebitgaz, energetika, himiýa senagaty, gurluşyk, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, ulag we logistika, sanly ulgamlar, internet hyzmatlary, elektron senagat ýaly ugurlarda iş alyp barýarlar.
Türkmenistan tarapyndan işewürlik maslahatyna we ikitaraplaýyn duşuşyklara degişli ugurlar boýunça ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Forumyň çäklerinde iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmen-hytaý işewürlik maslahatyna we sergisine gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
«THE ASHGABAT TIMES».