Dark
Light
09.08.2026
sergi hytay THE ASHGABAT TIMES

Türkmen-hytaý söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynda möhüm waka

29.04.2026

Türkmen-hytaý gatnaşyklary öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Halklarymyzyň arasynda Beýik Ýüpek ýoly arkaly asyrlarboýy ösdürilen söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklar dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine, adamzat ýaşaýşynyň özgermegine özboluşly goşant goşupdyr. Şoňa görä-de, düýn paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-hytaý işewürler forumynyň we sergisiniň öz işine başlamagy möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi dostlukly ýurduň senagat hem-de eksport kuwwaty bilen tanyşdyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly täze ugurlaryny ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. Iri möçberli çäre dostlukly döwletiň işewür toparlarynyň 200-den gowrak wekilini türkmen paýtagtyna jemledi. Olaryň arasynda ýurdumyz bilen öňden bäri işleşip gelýän, harytlary alyjylara giňden belli bolan hyzmatdaşlar-da, şeýle hem işjeň gatnaşyklary ýola goýup, geljegi uly türkmen bazarynda orun almagy maksat edinýän işewürler hem bar.

Serginiň giň meýdançasynda gurnalan 70-den gowrak diwarlykda Hytaýyň köpugurly döredijilik hem-de innowasion mümkinçilikleri giňişleýin tanyşdyrylýar. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna öňdebaryjy tejribäni we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Şunda önümleri öndürmegiň we eksport etmegiň möçberi boýunça dünýäde öňdeligi eýeleýän dostlukly döwletiň gazananlarynyň ýurdumyzda uly gyzyklanma eýedigini bellemek gerek. Ägirt uly çig mal mümkinçiliklerine eýe bolan ýurdumyzyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär.

Serginiň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika, söwda, maliýe we ykdysadyýet, oba hojalyk, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk toplumlarynyň, ugurdaş ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň iri hytaý kompaniýalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklarda taraplar gyzyklanma bildirilýän ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn esasda ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Züleýha GAÝGYSYZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awstriya 1776773003 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylygyň we ösüşiň täze sahypasy

ctuoddxpnz1hj2vzccv5qiwrsecqbk 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

Soňkylar Makalalar

Şöhratly taryhyň ýaňy

06.08.2026
Dogrudan hem, bu günki gün «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygar bilen türkmen halkyny aýdyň geljege sary

Biz – buýsançly döwrüň bagtyýar bilim işgärleri!

04.08.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, açylyp ulanylmaga berilýän

Garaşsyzlyk – halkyň buýsanjy we bagty

04.08.2026
Garaşsyzlyk her bir halkyň iň gymmatly baýlygy, döwletliligiň we milli erkinligiň esasy nyşanydyr. Ol halkyň öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemäge, syýasy, ykdysady we medeni ösüş
GitTop