Dark
Light
17.05.2026
ozbek serhet zolak THE ASHGABAT TIMES

Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyndan 1700 tonna haryt Özbegistana eksport edildi

11.04.2026

“Şabat” türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagy üsti arkaly şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda amala aşyrylan söwdanyň netijesinde Özbegistana 1 müň 700 tonnadan gowrak haryt eksport edildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň resmi metbugaty habar berýär.

Şeýle-de türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynda 60 müňe golaý Özbegistanyň raýatynyň söwda amala aşyrandygy hasaba alyndy.

Mundan başga-da, degişli döwürde “Şabat” türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyndan Türkmenistana 250 tonnadan gowrak haryt import edildi.

“Şabat” türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagy 2025-nji ýylyň noýabr aýynda işe girizildi. Bu serhetýaka söwda zolagynyň üsti bilen amala aşyrylýan söwda dolanyşygy ähli gümrük paçlaryndan we beýleki töleglerden boşadylýar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awtoban 26 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary – Türkmenabat bölegi açyldy

grafika THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halypa grafikaçynyň we nakgaşyň şahsy sergisi

Soňkylar Habar

Buharestde türkmen-rumyn konsullyk geňeşmeleri geçirildi

15.05.2026
2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Buharest şäherinde Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylary derejesinde konsullyk geňeşmeleri geçirildi.
GitTop