Dark
Light
17.05.2026
screenshot 20260420 123840 gallery THE ASHGABAT TIMES

Türkmen türgenleri Rumyniýada geçirilen halkara ýaryşynda erkin göreş boýunça toparlaýyn hasapda birinji orny eýeledi

20.04.2026

2026-njy ýylyň 16-19-njy apreli aralygynda Rumyniýa döwletiniň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda erkin we grek-rim göreşi boýunça “Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç” adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş etdiler. Bu barda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň habar berdi

screenshot 20260420 124406 gallery THE ASHGABAT TIMES

Agzalan ýaryşa dürli döwletlerden gatnaşan türgenleriň arasynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň wekilleri ýokary derejede çykyş edip, umumylykda 13 medal gazandylar. Şol sanda, erkin göreş boýunça 14 döwletiň arasynda medal hasaby boýunça birinji orny eýeläp, ýurdumyzyň sportda gazanan üstünliklerine goşant goşdular. Jemi erkin we grek-rim göreşi boýunça 4 altyn, 6 kümüş we 3 bürünç medallaryny gazandylar.

Bu üstünlikler türkmen türgenleriniň yhlasynyň, ussatlygynyň hem-de ýurdumyzda sport ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle-de, ýaryşa gatnaşan ýaşlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa sagdyn durmuş ýörelgesini, ýokary derejeli sporty ösdürmäge berýän uly ünsleri, şeýle-de halkara derejeli sport çärelerine gatnaşmaga döredýän uly mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

160426 030 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen-hytaý işewürlik maslahaty we sergisi geçiriler

merkezi aziya yurtlary 30 mill d95514e752a8834f5eaf8a04d75200a2 sm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Merkezi Aziýa ýurtlary $30 millionlyk suw maksatnamasyny işe girizýärler

Soňkylar Habar

Buharestde türkmen-rumyn konsullyk geňeşmeleri geçirildi

15.05.2026
2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Buharest şäherinde Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylary derejesinde konsullyk geňeşmeleri geçirildi.
GitTop