Dark
Light
13.05.2026
turkmengaz we qazaqgaz gaz pud 522e8ae4848faeb691b4053dfa1b05f8 sm THE ASHGABAT TIMES

«Türkmengaz» we «QazaqGaz» gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

18.04.2026

«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew penşenbe güni Aşgabatda Gazagystanyň milli kompaniýasy bolan «QazaqGaz» paýdarlar jemgyýetiniň dolandyryş geňeşiniň başlygy Alibek Žamauow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy.

«QazaqGaz» kompaniýasynyň habar bermegine görä, taraplar gaz pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna hem-de bilelikdäki başlangyçlaryň geljekde ösdürilmegi üçin mümkinçiliklere garadylar.

Şol bir wagtyň özünde, «Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly» atly ylmy-amaly maslahatyň çäginde «QazaqGaz» kompaniýasynyň ýolbaşçysy CNPC kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan hem-de Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasynyň dolandyryş geňeşiniň başlygy Rowşan Najaf bilen iş duşuşyklaryny geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda pudagara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Şeýle hem Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň resmileriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar gaz pudagynyň ösüş mümkinçiliklerini, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini, şeýle hem durnukly energetika ugrunda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

galkyn hyta THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi

Почему ночью хочется пить?
Next Story

Näme üçin gijelerine suwsalýar?

Soňkylar Habar

Halkara Balkan olimpiadasyndan 5 medal!

12.05.2026
3 — 8-nji maý aralygynda Gresiýa Respublikasynyň Saloniki şäherinde matematika dersi boýunça geçirilen 43-nji Halkara Balkan matematika olimpiadasynda türkmen ýaşlary üstünlikli çykyş etdiler. Olimpiada

Dünýä çempionatyndan 4 medal!

12.05.2026
2 — 8-nji maý aralygynda Müsüriň Ismailiýa şäherinde ýaşlaryň arasynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri
GitTop