Dark
Light
13.04.2026
turkmen brazil 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan bilen Braziliýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklara 30 ýyl doldy

03.04.2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa we ýurduň ähli halkyna diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany öz gutlagynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga we özara ynanyşmaga esaslanýandygyny aýratyn belledi.

Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigi nygtalyp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Prezident Luis Inasiu Lula da Silwa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Braziliýanyň dostlukly halkyna bolsa yzygiderli ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

343221 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda geçiriljek biznes-forumda Hytaýyň 250-den gowrak kompaniýasyna garaşylýar

bbb THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Üstünlikli sepgitler bilen

Soňkylar Habar

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi

13.04.2026
2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş
GitTop