Dark
Light
13.04.2026
malaysia plan cre 9063366e3ba3efafeddfb78e4e422c62 sm THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan bilen Malaýziýa oba hojalyk pudagynda bilelikdäki kärhanalary döretmegi meýilleşdirýär

05.04.2026

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow 2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde Malaýziýanyň Oba hojalyk we azyk howpsuzlygy ministri Haji Mohamad bin Sabu bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň Malaýziýa bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny berkitmek, oba hojalyk pudagynda bilelikdäki kärhanalary döretmek, bu pudagy sanlylaşdyrmak, oba senagat toplumynda tejribe alyşmak, eksport logistikasyny we ekologiýa taýdan arassa önümçiligi ösdürmek babatda hyzmatdaşlyga açykdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, duşuşykda ekin hasylyny ýokarlandyrmak üçin sanly tehnologiýalary we takyk ekerançylyk ulgamlaryny bilelikde ornaşdyrmak, tohum önümçiligi, maldarçylygy ösdürmek we gurakçylyga çydamly ekinleri ulanmak ugurlarynda tejribe alyşmak hem-de suwaryş ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, suw serişdelerini netijeli ulanmak, fitosanitariýa we weterinariýa barlaglaryny ýeňilleşdirmek üçin Malaýziýanyň mümkinçilikleri we bu ugurdaky bilelikdäki hereketleri amala aşyrmagyň ýollary barada gyzyklanma bildirildi.

Şunuň bilen baglylykda, duşuşykda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Malaýziýanyň Oba hojalyk we azyk howpsuzlygy ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamak teklip edildi.

Öz gezeginde Haji Mohamad bin Sabu Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan oňyn gatnaşyklaryň çäklerinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli alnyp barylýandygyny nygtady we hojalyk pudagynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem ol iki ýurduň ter bakja we miwe önümleriniň özara importynyň we eksportynyň ýola goýulmagyny teklip etdi.

Mundan başga-da, türkmen içlisi 2026-njy ýylyň 12-14-nji maýy aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek “Agro Pack Turkmenistan – 2026” atly halkara ýöriteleşdirilen sergisine hem-de “Food Turkmenistan 2026” halkara sergisine malaýziýaly hünärmenleri işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bp considers joining turkmen k f8cd71b7b469f15bd03947f8493a7259 sm THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BP türkmen we gazak gazynyň eksportynyň täze ugruny döretmäge gatnaşmakçy

ashgabattimes01 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Arkadag şäherinde täze “Jahan” döredijilik we sport merkezi açylar

Soňkylar Habar

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi

13.04.2026
2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş
GitTop