Dark
Light
13.09.2026
11 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan – Hytaý Halk Respublikasy: gaz ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygy

27.04.2026

2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forum iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we uzak möhletleýin energetika hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini aýdyň görkezýän waka boldy.
Ylmy-amaly maslahata iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri, halkara bilermenler gatnaşdylar.
Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýangyç-energetika pudagyny innowasiýa we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýasy häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Pudagyň düzümlerini öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasion işläp taýýarlamalaryň esasynda döwrebaplaşdyrmak, gazyp alýan, gaýtadan işleýän pudaklaryň kuwwatyny artdyrmak, tebigy gazyň eksport edilýän ugurlaryny köpeltmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär.
Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky özara ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlyk täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunda ýangyç-energetika ulgamy esasy ugur hökmünde çykyş edýär.
Türkmenistanda tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde iň iri «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky tapgyrynyň özleşdirilmegi esasynda bu gaz geçirijiniň goşmaça ugurlarynyň gurulmagy bilelikde durmuşa geçirilýän energetika taslamalarynyň geljekde-de durnukly ösüşiň we sebitiň ykdysady durnuklylygynyň berk binýady bolup hyzmat etjekdigini tassyklaýar.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň gaz pudagynyň gazananlaryny we hytaýly hyzmatdaşlaryň öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny görkezýän giň gerimli sergi ýaýbaňlandyryldy.

Nurnabat SAPAROWA

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

legislation review meeting THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda aýallaryň hukuklaryny goramak ugrunda milli kanunçylygyň seljermesiniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

ankara caga THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Döredijiligiň, çagalygyň we dostlugyň baýramy

Soňkylar Makalalar

Ýan­gyn­dan ägä bo­la­lyň!

11.09.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň bagtyýar, asuda durmuşy, abadançylygy we saglygy barada uly aladalar edilýär. Bu ugurda ilat arasynda wagyz-nesihat etmegiň çäginde

Bedew bady bilen rowaçlygyň röwşen ýoluna!

11.09.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda belent maksatlar rowaçlanýar, her bir günümiz üstünliklere beslenýär. Şeýle ajaýyp ýylda belent maksatlary nazarlap

Bilim – adamzadyň iň uly baýlygy

11.09.2026
Häzirki döwürde islendik jemgyýetiň hem-de ýurduň ösüşiniň esasy şertleriniň biri bilimli, başarnykly we maksada okgunly nesli terbiýelemekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp

«Kitap okan gullar magnydan dokdur»

10.09.2026
Durmuşda ynsan kalbyna täsir etmekde çuňňur manyly sözden ähmiýetli zat, megerem, ýok bolsa gerek. Dana sözler, paýhasly jümleler, dürdäne pähimler her bir adamyň göwnüni
GitTop