Dark
Light
20.04.2026
kazan halal marke 05d287893f5f083739da863da2c4b6f8 sm THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan «Kazan Halal Market» sergisine gatnaşar

08.04.2026

Türkmenistan 12–17-nji maý aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde geçiriljek «Russiýa — Yslam dünýäsi: Kazan Forum» XVII Halkara ykdysady forumynyň çäginde guraljak «Kazan Halal Market» sergisine gatnaşar. Bu barada Tatarystanyň Maýa goýumlaryny ösdürmek boýunça agentliginiň ýolbaşçysy Taliýa Minullinanyň aýdanlaryna salgylanyp, «Tatar-inform» agentligi duşenbe güni habar berdi.

«Kazan Halal Market» halkara söwda ýarmarkasy bolup, onda azyk önümleri, gözellik harytlary, egin-eşikler, esbaplar we öý üçin niýetlenilen hojalyk harytlar görkeziler. Bu sergä gatnaşmak üçin gatnaşyjylaryň önümleriniň hökmany ýagdaýda halal şahadatnamasy bolmalydyr, diýlip habarda bellenilýär.

Geçen ýyl bu sergä Russiýadan 150-den gowrak kompaniýa, şeýle hem Türkmenistandan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Eýrandan, Owganystandan, Pakistandan, Hindistandan we Senegal döwletinden önüm öndürijiler gatnaşdylar.

Türkmenistan, Russiýa we Owganystan «Russiýa — Yslam dünýäsi: Kazan Forum» halkara forumyň çäginde täze üstaşyr geçelgäni döretmek boýunça üçtaraplaýyn ylalaşyga gol çekmegi meýilleşdirýärler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

matvienko THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gahryman Arkadagymyz bilen RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

talyp koreya THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Koreýa Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy

Soňkylar Habar

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ÝUNESKO kafedrasy açyldy

16.04.2026
2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Sanly ylym» ÝUNESKO kafedrasynyň açylyş dabarasy boldy.  ÝUNESKO-nyň Uniwersitetler kafedralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy hem-de torlaýyn
GitTop