Şu ýylyň 31-nji marty – 2-nji apreli aralygynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen «OTC Asia — 2026» atly kenarýaka tehnologiýalarynyň halkara maslahatynda we sergisinde Türkmenistanyň energetika pudagynyň mümkinçilikleri uly gyzyklanma döretdi. Bu abraýly çärede ýurdumyzyň nebit-gaz toplumynyň wekilleri gatnaşyp, Türkmenistanyň halkara energetika giňişligindäki ornuny we geljegi uly taslamalaryny giňden tanyşdyrdylar.
Serginiň dowamynda türkmen wekilleri dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Gepleşikleriň esasy özeni ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde halkara maýa goýumlaryny çekmek, täze ýataklary ulanmaga bermek we energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ýollaryny diwersifikasiýa etmek meselelerine gönükdirildi.

Şeýle hem maslahatyň çäklerinde «mawy energetika» we nebit-gaz pudagynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy baradaky meselelere aýratyn üns berildi. Türkmen hünärmenleri pudakda ekologiýa kadalarynyň berjaý edilişi we daşky gurşawa zyýanly zyňyndylary azaltmak boýunça amala aşyrylýan döwrebap işler barada tejribe alyşdylar.
«OTC Asia — 2026» forumyna gatnaşylmagy, Türkmenistanyň Aziýa—Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny täze basgançaga çykarmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli şertnamalaryň baglaşylmagyna badalga berdi.
«THE ASHGABAT TIMES».