Dark
Light
21.04.2026
bedew capysyk THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanda ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi yglan edildi

01.04.2026

TDH-da habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi hem-de bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

saylawlar logo THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

29-njy martda geçirilen saýlawlaryň netijeleri jemlenildi

659e1cb0892e6743169299 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Energiýa Netijeliligi – Durnukly Ösüşiň Strategik Binýady

Soňkylar Habar

Türkmen-hytaý işewürlik maslahaty we sergisi geçiriler

20.04.2026
Ministrler Kabinetiniň 18-nji aprelde geçirilen mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürlik maslahatyny we sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu
GitTop