Dark
Light
13.05.2026
galkyn hyta THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi

18.04.2026

2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we ulanyş guýularyny burawlamak işlerine badalga bermek dabarasy geçirildi.

Dabaranyň geçirilýän ýeriniň esasy girelgesiniň öňünde milli lybasly çagalar Gahryman Arkadagymyzy hem-de Din Sýuesýany türkmen-hytaý dostlugy baradaky goşgular bilen garşyladylar. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri we belent mertebeli myhman bagtyýar nesiller bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we Din Sýuesýan şu günki dabara mynasybetli guralan sergi bilen tanyşdylar. Sergide her ýylda harytlyk gazyň 10 milliard kub metrini öndürmäge niýetlenen zawodyň şekil taslamasy görkezildi. 

bb THE ASHGABAT TIMES

Soňra Gahryman Arkadagymyz we myhman bu ýerde “Galkynyşyň” dördünji tapgyryny özleşdirmek işlerinde ulanyljak ýöriteleşdirilen awtoulaglary, kuwwatly tehnikalary synladylar. Bu ýöriteleşdirilen tehnikalar häzirki zaman innowasion tehnologiýalarynyň ornaşdyrylandygy bilen tapawutlanýar. 

Soňra Gahryman Arkadagymyz we Din Sýuesýan söz sözlediler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilişiniň taryhy tapgyrlary we ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi. Wideoşekiller tamamlanandan soňra, türkmen we hytaý hünärmenleri sanly ulgam arkaly Gahryman Arkadagymyzdan «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň ilkinji gaz guýusynyň buraw işlerine ak pata bermegini uly hormat bilen haýyş etdiler.

aaa THE ASHGABAT TIMES

Milli Liderimiziň ak pata bermegi esasynda buraw desgasy işe başlady.

Soňra ýaş nesliň wekilleri Gahryman Arkadagymyzdan we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýandan täze desganyň düýbüniň tutulyş dabarasynyň ýadygärlik sene ýazgysyny galdyryp bermegi haýyş etdiler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we hytaý wekiliýetiniň ýolbaşçysy bilelikde desganyň düýbüni tutmak üçin taýýarlanan ýere bardylar. Bu ýerde milli lybasly çagalar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyndan we hormatly myhmandan desganyň düýbüni tutup bermeklerini haýyş etdiler.

Gahryman Arkadagymyz we hormatly myhman ýadygärlik sene ýazgysy salnan gutyny dabaraly ýagdaýda düýbi tutulýan desganyň binýadyna okladylar hem-de ilkinji beton garyndysyny guýup, gurluşyga badalga berdiler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli toý sadakasy berildi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

160426 014 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygy (foto)

turkmengaz we qazaqgaz gaz pud 522e8ae4848faeb691b4053dfa1b05f8 sm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Türkmengaz» we «QazaqGaz» gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Soňkylar Habar

Halkara Balkan olimpiadasyndan 5 medal!

12.05.2026
3 — 8-nji maý aralygynda Gresiýa Respublikasynyň Saloniki şäherinde matematika dersi boýunça geçirilen 43-nji Halkara Balkan matematika olimpiadasynda türkmen ýaşlary üstünlikli çykyş etdiler. Olimpiada

Dünýä çempionatyndan 4 medal!

12.05.2026
2 — 8-nji maý aralygynda Müsüriň Ismailiýa şäherinde ýaşlaryň arasynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri
GitTop