Dark
Light
20.04.2026
talyp koreya THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Koreýa Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy

08.04.2026

2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde  Koreýa Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýurdumyzyň Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşygy geçirildi. Bu çäre dostlukly ýurtda bilim alýan ýaşlarymyzyň durmuşy we okuwy bilen gyzyklanmaga hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler barada gürrüň bermäge bagyşlandy.

Çärede Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejä göterilýändigi barada aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Koreýa Respublikasynda geçiriljek ilkinji «Merkezi Aziýa ― Koreýa Respublikasy» sammiti we hormatly Prezidentimiziň bu ýurda meýilleşdirilýän sapary baradaky maglumat talyplaryň dykgatyna ýetirildi. Bu ýokary derejeli duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da berkitjekdigi bellenildi.

Duşuşykda döwletimiziň ýaşlara uly ynam bildirýändigi, olaryň döwrebap bilim almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriň orunbasary talyplaryň okuw ýetişigi we ýaşaýyş şertleri bilen gyzyklandy we olary gyzyklandyrýan meseleler boýunça özara sorag-jogap alyşdy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

kazan halal marke 05d287893f5f083739da863da2c4b6f8 sm THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan «Kazan Halal Market» sergisine gatnaşar

koreya immig THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Koreýa Respublikasynyň Immigrasiýa gullugynyň Komissary bilen duşuşyk geçirildi

Soňkylar Habar

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ÝUNESKO kafedrasy açyldy

16.04.2026
2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Sanly ylym» ÝUNESKO kafedrasynyň açylyş dabarasy boldy.  ÝUNESKO-nyň Uniwersitetler kafedralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy hem-de torlaýyn
GitTop