Dark
Light
15.09.2026
garassyz bina THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy – ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrýan möhüm syýasy ädimdir

08.04.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrýan möhüm syýasy ädim hökmünde çykyş edýär. Bu şygar, ilkinji nobatda, döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýän döwrüne gabat gelýär we milli ösüşiň ideologik, ruhy hem-de strategik ugurlaryny bitewi mazmunda jemleýär. Garaşsyzlygyň ýyllary içinde emele gelen döwletlilik tejribesi, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi hem-de toplumlaýyn özgertmeler häzirki döwrüň ösüş modeliniň binýadyny düzýär.
Şygar mazmun taýdan diňe bir baýramçylyk nyşany bolman, eýsem ösüşiň täze tapgyrynyň konseptual beýany hökmünde çykyş edýär. Onda milli gymmatlyklara hormat goýmak, taryhy mirasy gorap saklamak we döwrebap ösüş ýoluny dowam etdirmek ýaly möhüm ýörelgeler utgaşdyrylýar. Şeýle çemeleşme raýatlaryň watançylyk ruhuny güýçlendirýär, jemgyýetiň ähli gatlaklaryny döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga ruhlandyrýar.
Şygaryň ikinji möhüm aýratynlygy — bedew nyşanydyr. Türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan aýratyn gymmatlyklarynyň biri bolan ahalteke atlary diňe bir taryhy miras däl, eýsem ösüşiň, öňe okgunlylygyň we ruhubelentligiň nyşanydyr.
Türkmenistanyň halkara giňişligindäki ornuny seljerende, hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatyň durnukly ösüşe hyzmat edýändigini bellemek zerurdyr. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026–2035)” hem-de “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamalar Türkmenistanyň ählumumy ösüş gün tertibine işjeň gatnaşýandygyny görkezýär. Bu resminamalar halkara ulag we energetika hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçiliklerini açýar.
Şeýle hem Türkmenistan halkara ykdysady guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär. Hususan-da, Bütindünýä Söwda Guramasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy, Halkara energetika agentligi we Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik ýaly düzümler bilen gatnaşyklary ösdürmek meýilleşdirilýär. Bu hyzmatdaşlyk söwda-ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýa etmäge we milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Ynsanperwer hyzmatdaşlyk ugrunda hem netijeli işler alnyp barylýar. BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikdäki taslamalar ýaş nesliň saglygyny we bilimini goldamaga gönükdirilen bolsa, Azyk we oba hojalyk guramasy bilen hyzmatdaşlyk azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak meselelerini öz içine alýar. Bu çäreler durnukly ösüşiň durmuş ölçeglerini güýçlendirýär.
Sebitleýin hyzmatdaşlyk hem möhüm ugur bolup durýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň konsultatiw duşuşyklary hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary Türkmenistanyň sebitde ykdysady integrasiýany we özara ynanyşmagy ösdürmäge gönükdirilen strategiýasyny tassyklaýar.
2026-njy ýylyň şygary diňe bir baýramçylyk şygary däl, eýsem döwlet ösüşiniň ideologik formulasy hökmünde çykyş edýär. Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy ýurdumyzyň geçen ýoluna seljerme bermäge, gazanylan üstünlikleri umumylaşdyrmaga hem-de geljekki maksatlary anyklaşdyrmaga mümkinçilik döredýär. Bedew nyşany bilen utgaşýan ösüş düşünjesi Türkmenistanyň milli aýratynlygyny we ählumumy giňişlikdäki işjeň ornuny özara baglanyşdyrýar. Şeýlelikde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan täze tapgyrda hem sebit we dünýä derejesinde parahatçylyk, hyzmatdaşlyk we ösüş ýörelgelerine ygrarly döwlet hökmünde çykyş edýär.

Gyzylgül HAÝDAROWA

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň öwreniji-mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

hindistan sapar THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistana tanyşlyk sapary guraldy

oba ac THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti täze şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Soňkylar Makalalar

Mukaddes buýsanjymyz, beýik geljegimiz

14.09.2026
2026-njy ýylyň ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de şu ýyl eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly

«Bitarap, Garaşsyz topragyň nurdur»

14.09.2026
Türkmenistan 35 ýyl mundan ozal özüniň Garaşsyzlygyny yglan edip, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşyny saýlap aldy. Ýurdumyz şol taryhy wakadan soňra özygtyýarly hem-de

Garaşsyzlyk – nesilleriň we ösüşiň ak ýoly

14.09.2026
Hormatly Prezidentimiz: «Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr» diýip nygtaýar. Bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýady bolan Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra ýurdumyzyň ösüşleri nusgalyk
GitTop