Dark
Light
17.05.2026
THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň halkara abraýy we durnukly ösüşiň strategik ugurlary

21.04.2026

Ýurt Garaşsyzlygy türkmen halkynyň köpasyrlyk ynsanperwerlik, adalatlylyk we döwletlilik ýaly milli gymmatlyklarynyň döredijilikli ösüşini täze taryhy tapgyra çykardy. Bu gün Türkmenistanyň raýatlary özbaşdak döwletliligiň gymmatyna we berýän uly bagtyna doly göz ýetirmek bilen, agzybirlik hem-de jebislik şertlerinde ýurduň ösüşine öz goşantlaryny goşýarlar. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçmegi we mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygynyň dabaraly bellenilmegi halkyň milli ruhunyň has-da belende galýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Geçen taryhy döwürde Türkmenistanda demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň berk binýady tutulyp, milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Ýurduň ägirt uly tebigy baýlyklarynyň rejeli peýdalanylmagy netijesinde, Türkmenistan dünýäde okgunly ösýän döwletleriň biri hökmünde tanaldy. Nebit-gaz, energetika, dokma we himiýa senagaty, şeýle-de döwrebap azyk we oba hojalyk toplumlary milli ykdysadyýetiň durnuklylygyny üpjün edýän esasy sütünlere öwrüldi. «Türkmenistanda öndürilen» haryt nyşanynyň halkara bazarlarynda mynasyp orun eýelemegi we täze telekeçiler nesliniň kemala gelmegi ykdysady özygtyýarlylygyň netijeli miwesidir.
Häzirki wagtda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we sanlylaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Innowasion tilsimatlara esaslanýan täze önümçilik kärhanalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi diňe bir içerki islegi kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem eksport mümkinçiliklerini hem ep-esli artdyrýar. Döwrebap binalar, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk we bilim merkezleri halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagyna hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgesi bu özgertmeleriň many-mazmunyny we her bir raýatyň bagtyýar geljegini kepillendirýär.
Türkmenistanyň daşary syýasy ugry parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurduň başlangyjy bilen kabul edilen durnukly ulag we energetika howpsuzlygy baradaky Kararnamalar Türkmenistanyň halkara abraýynyň belentdigini görkezýär. Şeýle hem ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasy, Halkara Zähmet Guramasy we beýleki abraýly düzümler bilen gatnaşyklarynyň giňemegi global ykdysady integrasiýanyň möhüm bölegidir. Döwlet Baştutanymyzyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy bolsa dünýäde hukugyň hökmürowanlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Sebitleýin we ynsanperwer hyzmatdaşlykda hem Türkmenistan işjeň orny eýeleýär. Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky jebisligi artdyrmaga, ykdysady we maýa goýum çekijiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler sebitde durnukly ösüşi üpjün edýär. BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde saglygy goraýyş, azyk howpsuzlygy we çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça durmuşa geçirilýän taslamalar ýurduň ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklaýar. Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramyna beslenýän 2026-njy ýyl Türkmenistanyň täze eýýamdaky ösüşlerini has-da pugtalandyryp, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna ählumumy tagallalary birleşdirmäge täze itergi berer.

Enejan BERDIMYRADOWA

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

metall c657e659734e1a9ffd83efaebc4dccc1 sm THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan we Russiýa metallurgiýa, senagat pudaklarynda taslamalary işläp taýýarlaýarlar

astana 26 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti Astana geldi

Soňkylar Makalalar

Döwlet nyşanlaryna belent sarpa

15.05.2026
Ýurdumyzyň esasy Döwlet nyşanlary bolmak bilen, Esasy Kanunymyz we ýaşyl Tugumyz täze taryhy eýýamda döwletliligimiziň mizemez sütünleri hökmünde çykyş edýär. Bu iki mukaddeslik diňe

Konstitusiýa we baýdak – mizemez mukaddeslikler

15.05.2026
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde her bir şanly sene halkymyzyň taryhy buýsanjyny, milli agzybirligini we döwletlilige bolan belent hormatyny dabaralandyrýar. Şeýle ajaýyp baýramlaryň biri

Matematikany okatmagyň usulyýetiniň wezipeleri

14.05.2026
Matematikany okatmagyň usulyýeti pedagogika ylmynyň aýrylmaz bölegi bolup, ol ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny, usullaryny we guramaçylyk şertlerini ylmy esasda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Iňlis dilini öwretmekde pedagogik wezipeler

14.05.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyz nesilleriň ählitaraplaýyn terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin döwletiň, jemgyýetiň öňünde uly wezipeleri
GitTop