Dark
Light
09.08.2026
mid brifing THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň halkara durmuşynda bolup geçen möhüm wakalara bagyşlanan brifing geçirildi

29.04.2026

2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň halkara durmuşynda bolup geçen möhüm wakalara bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem Aşgabatdaky halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Brifingiň dowamynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna laýyklykda alnyp barylýan halkara işleriň esasy ugurlaryny beýan etdi.

Ministr Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurt saparlarynyň aýratyn ähmiýetini belledi.

Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygy aýratyn nygtaldy. Şeýle hem brifingiň dowamynda daşary ýurtlaryň ilçileri we halkara guramalaryň wekilleri öz teswirleri bilen çykyş etdiler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ders bas THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Mekdep okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleri geçirildi

whatsapp image 2026 04 29 at 17.34.29 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ulag we telekommunikasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Soňkylar Habar

Türkmen karateçileri Aktauda 21 medal gazandylar

08.08.2026
1 — 5-nji awgust aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde karate-do boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty geçirildi. 420-den gowrak türgeniň gatnaşan iri ýaryşynda Türkmenistanyň milli we
GitTop