Dark
Light
17.05.2026
pr mejlis THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi

13.04.2026

2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Maslahatda hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň milli kanunçylygy döwrüň talabyna görä mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça beren gymmatly maslahatlaryndan, öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp işlenip taýýarlanylan, ýurdumyzyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge gönükdirilen birnäçe kanun taslamalaryna seredildi hem-de kabul edildi.

Kabul edilen kanunlar degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Mejlisiň ähli komitetlerinde geçirilen deslapky ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde işlenip taýýarlanyldy.  Maslahatda «Türkmenistanyň Mejlisiniň komitetleriniň düzümi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna üýtgetmeler girizmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalary kabul edildi.

Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunlaryň we kararlaryň taslamalary biragyzdan makullanyldy hem-de kabul edildi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

img e3653 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Mekdepden daşary çagalar edaralarynda

whatsapp image 2026 04 11 at 16.14.15 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda Ýewropa gününi bellemek üçin “Dostluk ganatlary” ylgawy geçirildi

Soňkylar Habar

Buharestde türkmen-rumyn konsullyk geňeşmeleri geçirildi

15.05.2026
2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Buharest şäherinde Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylary derejesinde konsullyk geňeşmeleri geçirildi.
GitTop