Dark
Light
20.04.2026
zrjfa7gp756sjtnetmpbcoasvzayz7 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Samarkantda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji parlamentara hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdylar

02.04.2026

2026-njy ýylyň 30-31-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji parlamentara hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdylar.

Parlamentara forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar häzirki döwrüň wajyp meseleleri, hususan-da, umumadamzat bähbitlerine we durnukly ösüşe gönükdirilen birnäçe strategik ugurlar boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili öz çykyşynda BMG-ä agza döwletleriň, şol sanda Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň döwletleriniň Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny we onuň ählumumy parahatçylygy üpjün etmekdäki ornuny hem-de oňyn başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy, ýurdumyzyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýlip yglan etmek baradaky başlangyjyny aýratyn belledi. Bu başlangyjy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda eden çykyşynda öňe sürendigini, Türkmenistanyň halkara hukugyň ileri tutulmagy hem-de halkara işlerde BMG-niň eýeleýän merkezi ornunyň güýçlendirilmegi ugrunda üýtgewsiz çykyş edýändigini nygtady.

Mundan başga-da Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Parlamentara forumyň üç ugry öz içine alýan mejlisleriniň işine gatnaşyp, häzirki wagtda şeýle formatdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde parahatçylygy we howpsuzlygy hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmek, ulag geçirijilerini döretmek we giňeltmek, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak, energiýa serişdeleriniň elýeterliligini gazanmak, ylym-bilim, syýahatçylyk ýaly ugurlarda işleri kämilleşdirmek bilen baglylykda, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalar we taslamalar barada belläp geçdiler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

turkmenistan THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Maksatly il myrada ýeter

kanun hukuk THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Maşgala gatnaşyklarynda hukuk binýady

Soňkylar Habar

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ÝUNESKO kafedrasy açyldy

16.04.2026
2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Sanly ylym» ÝUNESKO kafedrasynyň açylyş dabarasy boldy.  ÝUNESKO-nyň Uniwersitetler kafedralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy hem-de torlaýyn
GitTop